Mergen ANNADURDYÝEW täze aýdymlaryny halkymyza ýetirer
Sungat — alyslary ýakynlaşdyrýan, dosty doganlaşdyryp, kalplary birleşdirýän inçeden berk ýoda çalymdaş. Bu ýoda bilen aýak urup, aýdym-saza sarpa goýup, ony ömür örküne öwren zehinli aýdymçylaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Mergen Annadurdyýewdir. Onuň «Watanym bar», «Janym ejem», «Saňa söýgim» ýaly aýdymlary diňleýjileriň göwün dünýäsine mähir mukamy bolup siňýär. Biz hem ussatnews.çom elektron gazetimiziň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolduk.
— Mergen, zähmet çekýän Medeni-işewürlik merkeziňizde alyp barýan işleriňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz?!
— Baş üstüne! Ynha, 2021-nji ýylymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar bilen geçýär. Şol mynasybetli Medeni-işewürlik merkezimizde zähmet çekýän her bir sungat işgäri Watanymyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary diňleýjilere ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýär.
— Aýdym aýtmagyňyza, sungata gönükmegiňize näme itergi berdi?
— Aýdym-saza bolan höwes mende çagalykda döredi. Ýaňy 7-8 ýaşlarymdakam teleýaýlymda halypalar Nurýagdy Tokgaýewiň, Öwezgeldi Tekäýewiň aýdýan aýdymlaryny olaryň özleri bilen deň aýdardym. Maşgalamyzda uzagyndan bu endigime öwrenişip gitdiler. Mekdepde okan ýyllarym hem aýdym sapagyny aýratyn gowy görerdim.
— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz?!
— Çagalyk ýyllarymda «Garaşsyz ilim meniň» diýen aýdymy aýdypdym. Şol wagtky egnime geýen milli egin-eşiklerimiň maňa beren ruhy güýji hiç haçan ýadymdan çykmaz. Egnimde gyrmyzy don, başymda silkme telpek, bilimde bolsa türkmen milli guşagy bardy.
— Şeýdibem, aýdym-saz sungaty ykbalyňyza öwrülipdir-dä?!
— Hawa. Aýdym-saza höwesiň, yhlasyň bolsa tutuş barlyk mukam bolup ýaňlanyp duran ýaly, daş-töwerekdäki görýän zatlaryň ählisi ylhamyňy joşdurýar.
— Siziň pikiriňizçe, aýdym-saz sungatynda ilkinji üns berilmeli zat näme?
— Örän gowy sowal. Men bu sowala «Halkyň ýüregine barýan ýoly tapmak» diýip jogap beresim gelýär.
— Ussatlyga ýetmek üçin näme etmeli?!
— Adam arzuwsyz bolmaýar. Zähmet siňdirýän işinde ussatlyk gazanmak her bir ynsanyň baş arzuwy. Esasan hem, sungat älemine aralaşan adamlaryň ählisi öz ýoluny galdyrmak üçin yhlas edýär. Bize halypalaryň nusgalyk ýollary her bir ädimde görelde mekdebidir. Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Ödenýaz Nobatow, Nurberdi Gulow, Mäne Garaýew ýaly halypalaryň ýoluny mynasyp dowam etmek biz — ýaşlaryň öňündäki mukaddes borçdur.
— Boş wagtyňyz näme bilen meşgullanýarsyňyz?!
— Boş wagtym sport bilen meşgullanmagy, şeýle-de gitara saz guralynda saz çalmagy gowy görýärin.
— Siziň ylham çeşmäňiz?
— Watan!
— Okyjylarymyzy maşgala durmuşyňyz hem gyzyklandyrýandyr...
— Men Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda doglup, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesindäki 2-nji orta mekdepde okap bilim aldym. Maşgalada iki oglan, üç gyz bolup ulaldyk. Gelnim Dünýä mugallym bolup işleýär. Biziň üç perzendimiz bar. Ogullarym Rahmanberdi bilen Rahymberdiniň aýdyma bolan höwesini görüp, öz çagalyk döwürlerimi ýadyma salýaryn. Körpe gyzym Ejebaý entek bäş ýaşynda.
— Durmuşyňyzdaky bagtly pursatlary paýlaşaýsaňyz?!
— Adamyň ömründe ýatdan çykmajak bagtly pursatlar bolýar. Ilkinji perzendimiň dünýä inen hem-de ilkinji aýdymymy ýerine ýetiren günlerimi ykbalymyň iň bagtly pursatlary hasap edýärin.
— Öňde goýýan döredijilik maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?
— Ajaýyp zamanamyzda il-halkyň ýüreginde orun aljak täze aýdymlary döredip, halkymyza ýetirmek— baş maksadym. Goý, hemişe eziz Diýarymyzda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlansyn! Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň toýlary toýa ulaşsyn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!
— Size aýdym-saz äleminde geljekde hem uly üstünlik arzuw edýäris! Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.