Çagalygyndan aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşaýan Maksat TUWAKOW
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent perdeden gopýan aýdym-sazlarymyzda göwün guşumyzy al-asmana galdyrýan, kalbymyzy jadylaýan täsin gudratly güýç bar. Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşap, hoş owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan, Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Maksat TUWAKOWYŇ aýdymlaryny diňläniňde hem şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Onuň «Küştdepdi», «Saňa bagly», «Az görme», «Aýly agşam» ýaly aýdymlary diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başardy.
— Maksat, söhbedimiziň başyny sungat älemindäki ilkinji ädimleriňizden başlaýalyň?!
— Aýdym-saza bolan höwesim çagalyk ýyllarymda ýüze çykdy. Men Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde doglup, şol ýerdäki 7-nji orta mekdebe okuwa bardym. Soňra okuwymy Aşgabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde dowam etdim. Maşgalada dört dogan bolup ulaldyk. Ejemdir kakam bolsa sungata sarpa goýýan adamlar. Gelnim Sähra aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Aýratyn belläsim gelýän zat, aýdym-saz sungatyna bolan söýgimiň ata-baba, ene-mamalarymyzdan bize-de geçenligi.
— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz, şol wagt başyňyzdan geçiren duýgularyňyz hakynda-da durup geçäýseňiz!
— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymym — «Çagdyr bu çaglar». Bu aýdym bilen sungat ýoluna gadam basdym. Bu aýdym maňa üstünlik getirdi.
Teleýaýlymda aýdym aýdýan halypalaryň hersinden özüme gerek zady gözleýärin. Hormatly Prezidentimiziň milli saz sungatymyzy kämilleşdirmek, olary nesilden-nesle geçirmek hakyndaky sargytlary biz — sungat işgärlerinde uly buýsanç döredýär.
— Ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzdan iň şowly çykanyny saýlamaly diýseler, haýsyny agzardyňyz?
— «Az görme» atly aýdymymy şowly çykan hasaplaýaryn, diňleýjiler ony has-da oňat garşyladylar. Sazy, sözi ýerine düşdümikä diýýärin.
— Maksat, Medeni-işewürlik merkezinde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda alyp barýan işleriňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz?!
— Bu şanly ýylymyzda aýdymçy-sazandalarymyz bilen Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän täze aýdymlary döretmegi maksat edinýäris. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary günsaýyn rowaçlanýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanylýan üstünlikleriň esasy görkezijisidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sungat biziň halkymyzyň ganyna siňipdir. Sallançakdaka hüwdi bilen terbiýelenip başlanýan nesillerimiz hemişe sungaty ruhy tugy hasap edýärler.
— Siz Medeni-işewürlik merkeziniň aýdym-saz studiýasynda kärdeşleriňiziň aýdymlaryny ýazgy etmekde-de uly işleri alyp barýarsyňyz. Söhbedimizi şular dogrusynda dowam edäýeliň?!
— Hawa, bu studiýada diňe bir Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň däl, eýsem, beýleki aýdymçylaryň aýdymlaryny hem ýazgy edýäris. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasynyň netijesinde merkezimiz ýokary hilli tehnologiýalar bilen üpjün edilen, bu ýerde aýdym-sazlary ýazmak üçin ähli amatlyklar döredilen. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin döredilýän şertleriň, gurulýan ak mermerli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň waspyny näçe etseňem az.
— Halypalaryňyz barada kelam-agyz gürrüň beräýseňiz?
— Aýdym-saz sungatynyň ägirtleri Nurberdi Gulow, Öwezgeldi Tekäýew, Orazgeldi Ilýasow, Annaberdi Atdanow ýaly halypalaryň aýdymlaryny näçe diňleseňem ganma ýok. Her gezek diňläniňde täze duýgy kalbyňa gonak bolýar. Halypanyň öz şägirdine ynam bildirmegi edýän işiňe bolan yhlasyňy artdyrýar. Aýdym-saza ömrüni, ykbalyny baglan adamlaryň diňe ýagşylyklara ýaran bolýandygy guwandyryjydyr.
— Sport bilen meşgullanýarsyňyzmy?!
— Her gün ir säher bilen ylgaýaryn. Boş wagtlarym dostlarymyz bilen welosiped sürýäris.
— Gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz?
— Zehinli aýdymçylar Akmuhammet Saparowyň, Annaguly Myratdurdyýewiň, Guwanç Ýazmämmedowyň, Eneş Rejepowanyň, Mähri Pirgulyýewanyň aýdymlaryny uly höwes bilen diňleýärin.
— Geljekde öňüňde goýan maksatlaryň barada-da aýdaýsaň...
— Ajaýyp döwrümizi, milli Liderimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýän täze aýdymlary döredip, diňleýjilere ýetirmek — baş maksadym. Mähriban Diýarymyzyň gözellikleri ylhamyňa ylham goşýar.
Watanymyzda aýdym-sazyň hoş owazy hemişe ýaňlanyp dursun! Sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
— Maksat, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Sungat äleminde döredijilik üstünlikleri hemraňyz bolsun!
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.