Makalalar

Aýdymda Şöhrat SAPAROWYŇ dünýäsi

https://ussatnews.com/storage/posts/939/original-1605e2ecceb67e.jpeg

Hakyky sungat ynsanyň kalbyny baýlaşdyrýar, dünýäsine nur çaýýar, ruhuny belende göterýär. Sungat gözellik döredýär. Ýollaryň iň gözeli ynsan kalbyna barýan ýoldur. Aýdym-saz sungatynyň ussatlary hem öz aýdymlary bilen adamlaryň kalbynda uly joşgun döredýär. Şöhrat Saparow hem şeýle aýdymçylaryň biri. Onuň ýakymly owaz bilen ýerine ýetirýän «Arkadaga şöhrat», «Watanym», «Bägül», «Bilmen» ýaly aýdymlary il içinde söýlüp diňlenilýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Şöhrat SAPAROW bilen söhbetdeşlik guradyk.

– Şöhrat, aýdym-saza her kim bir ýol bilen gelýär. Kimse ata-enesiniň kesbini dowam etdirýär, başga biri uly sungata özi ýol ýasaýar. Siziň sungata gelmegiňize näme täsir etdi?

– Çagalykdan kakam, halypam, Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmuhammet Saparowyň aýdymlaryndan gulagymyz ganyp ulaldyk. Aýdym-saz dünýäsine gelmegimde kakamyň uly goşandy bar. Ejem hem aýdymly dünýämde elinden gelenini gaýgyranok. Doganym Şirin, jigim Baýramhan hem sungatyň, aýdym-sazyň aşygy. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiz medeniýete, sungata uly üns berýär. Bu bolsa bizi täze-täze aýdymlaryň gözlegine ruhlandyrýar.

– Sungat älemindäki ilkinji ädimleriňiz hakda gürrüň edäýeli!

– Men çagalykdan aýdym aýtmagy gowy görerdim. Hemişe kakamyň yzyna düşüp, onuň studiýasyna giderdim. Bu bolsa çagalykdan aýdym-sazyň täsin dünýäsine aralaşmagyma getiripdi. Aşgabat şäherindäki 43-nji orta mekdepde okap ýören ýyllarymda «Gijeler» diýen aýdymy ilkinji gezek ýerine ýetiripdim. Kakam aýdym aýtmaklyga bolan höwesime, yhlasyma göz ýetirensoň, meniň bilen has-da çynlakaý taýýarlyk geçip ugrady. Sungatyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, aýdym-sazda-da irginsizlik, sabyr-kanagatlylyk gerek. Ol zehiniňi taplaýar. Ine, halypanyň şular ýaly ündewlerini sapak edinibem, kem-kem ýol aşyberdik.

– Şöhrat, gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?

– Türkmen aýdym-saz sungatynda çyn halypalar, ägirtler kän. Olaryň hersi ullakan bir mekdep. Özüm-ä halypalar Sahy Jepbarowy, Öwezgeldi Tekäýewi uly lezzet alyp diňleýän. Kakamyň aýdymlary-ha meniň dünýämiň bir bölegine öwrüldi gitdi. Aýdym-saz dünýäsine imrinmegimde halypalaryň uly mekdep ýoly maňa çelgi boldy. «Parahat» estrada toparymyz bilen halypa sazanda Togrulbeg Artykowyň döreden sazlaryna öwüşgin berip häzirki bagtyýar döwrümizde täze aýdymlary işleýäris.

– Her bir aýdymçynyň öz ýoly, äheňi bolýar. Haýsy şahyryň goşgularyny öz döredijiligiňize ýakyn saýýaňyz?

– Aýdymlarymyň aglabasynyň sözleri halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyňky. Şeýle-de şahyr Döwlet Annamyradowyň goşgularyna-da aýdym döredýäris. Ýaş şahyrlar bilenem işleşýäris. Şu günlerem täze aýdymlaryň üstünde işläp ýörüs. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş zehinlere uly ynam bildirilýär.

Ynsanyň bagtly pursatlary onuň hemişe ýadynda galýar. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Tolgunmadan ýaňa töwerekden gutlaýanlara jogap berip bilmän duran pursatymyň täsirinden häli-häzirlerem çykyp bilemok. Gahryman Arkadagymyzyň kiçijik zähmetime uly baha berip, Şa serpaýyny ýapmagy meni uly işlere borçly edýär.

– Okyjylarymyzy maşgala durmuşyňyz hem gyzyklandyrýan bolsa gerek?

– Bagtly, döwletli, agzybir maşgalam bar. Gelnim Jahan aýdymlarymyň ilkinji diňleýjileriniň biri. Dört gyzym bar. Merjen, Medine, Aýperi, Merýem. Ynsan üçin maşgalasyndan, çagalaryndan gymmatly zat ýok. Hormatly Prezidentimiziň nesil daragtynyň gülläp, dowamat-dowam bolmagy, ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy, eneligi we çagalygy goramak, sagdyn nesli kemala getirmek babatda alyp barýan işleri berkarar Watanymyzyň her bir maşgalasyny bagt atyna atarýar.

– Hormatly Prezidentimiziň medeniýet baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, daşary ýurduň sungat ussatlary bilen dostlukly gatnaşyklar barha pugtalanýar. Size-de sungatyňyz bilen daşary ýurtlarda çykyş etmek miýesser eden bolsa gerek?

– Hawa, ajaýyp zamanamyzda, döwletli-döwranymyzyň kalplarda döredýän joşgunyny dünýäniň çar künjünde ýaňlandyrmak miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň çar künjeginde ýurdumyzyň medeniýet günleri geçirilýär. Maňa-da Türkiýede, Russiýada, Ermenistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine gatnaşyp, aýdymlarym bilen Watanymyzy wasp etmek miýesser etdi. Döredijilik işgärleri mydama gözlegde bolup, ynsan dünýäsine mähir çaýýarlar, halkymyzyň kalbyny buýsançly duýgulara besleýärler. Biz hem öz ýerine ýetirýän, täze döredýän aýdymlarymyzda ajaýyp döwrümize buýsanjymyzy beýan edýäris. Çünki aýdym-saz – durmuşyň bezegi, ýaşaýşyň ýaraşygy.

– Şöhrat, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Maksatlaryňyz myrat tapsyn! Abadan, asuda Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň, eziz Watanymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlaryňyz belentden ýaňlansyn!

– Sag boluň! Gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtyýar durmuşymyza guwanyp, täze, şirinden-şirin aýdymlary döredesiň gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda aýdym-sazyň ýaňlanyşy, owazy has-da üýtgeşik. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň howandary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ýurdy abadan, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!

Ýazgül ANNAÝEWA,

            USSAT NEWS.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.