Makalalar

Bathyzda sekiz ýüz ýyl ýaşan pisse ösümligi dört müň gektar meýdany tutýar

https://ussatnews.com/storage/posts/952/original-1605f69e3f0857.jpeg

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özboluşly, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýratyn tapawutlanýan künjekleriň biri.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň goraghanalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) bütindünýä sanawyna girizmekde bildirilýän talaplara laýyk getirmek, goraghanalaryň ekologik bitewüligini üpjün etmek we tebigaty goramak babatdaky ähmiýetini halkara derejesinde giňden ýaýmak baradaky Karary Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri döredýär. Häzir şu möhüm resminama esasynda goraghananyň çäklerini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi goraghanadaky haýwanlaryň erkana gezmeklerine, ösmeklerine giň şertleri döredýär.

Tebigaty öwrenijileriň, goraghananyň işgärleriniň çaklamalaryna görä, bu ýerde sekiz ýüz ýyl ýaşan pisse ösümliginiň bolmagy täsin tebigatly künjege gelýän her bir adamda aýratyn gyzyklanma döredýär. Goraghananyň işgärleri şu künjegiň ösümlik dünýäsini pisse ösümliginiň hasabyna has-da baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Goraghananyň Kepele gözegçilik nokadynda tebigatyň bu täsin ösümligini ekip, ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tarapyndan ekilip, ösdürilip ýetişdirilen pisse ösümlikleri dört müň gektar meýdany tutýar.

Baýramaly SERDAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.