Şirin owazly aýdymçy Döwletmämmet GURBANOW
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgünde Watanymyzyň ösüşli menzilleriniň waspyny ýetirmekde döwrebap işler alnyp barylýar. Medeniýet, sungat işgärleri kalbynda hoşallyk, ruhubelentlik duýgusyny goşalandyryp, döwrüň sesine ses goşup, öz döredijiliklerinde milli mirasymyzy wasp etmeklige uly orun berýärler, döwrebap derejede ösdürmeklige öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmämmet GURBANOW.
– Döwletmämmet, aýdym-saz köňüllere ganat berýär, durmuşyň gözelligini artdyrýar. Gürrüňimiziň başyny şu sungatyň gözelligi baradaky söhbetden başlaýaly.
– Hawa, aýdym, saz – täsinliklerden doly dünýä. Meniň üçin aýdym adamlaryň kalbyna gozgalaň salyp bilýän, şygyr bilen sazyň nikasyndan dörän täsin bir gudrat. Ol ynsan ruhunyň başga bir zat bilen öwezi dolunmajak höregi. Aýdym adamlaryň göwün syrdaşyna deňelýär. Kalbyna ýakyn aýdymy-sazy hiç kim biparh diňläp bilmeýär. Olary ýerine ýetiren ussatlar halkyň aňynda hemişelik orun tapýar. Hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda aýdym-saz sungatyna, olaryň nesilden-nesle şol şirinligi, datlylygy bilen geçmeginde uly işler bitiren ussatlara hemişe ýokary baha berýär, mertebeleýär.
2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly adyň eýesi boldum. Bu at meni has-da döredijilikli işlemäge, täze-täze aýdymlaryň gözleginde bolmaga borçly edýär.
– Her bir ýoluň başlangyjy bolýar. Sizi bu sungata getiren ýoluň gözbaşlaryna nazar aýlaýsak?
– Çagalygymdan halk aýdym-sazlarynyň aşygy. Bereket etrabynyň gum içindäki Burgun obasynda, orta mekdepde okap ýören ýyllarym döredijilik gurnagyna gatnardym. Gurnak ýolbaşçymyz Amangeldi Ýylanlyýew halk aýdym-sazlaryna bolan söýgime çyn halypanyň guwançly nazary bilen garap, uly goldaw berdi. 1993-nji ýylda meni Bereket etrap medeniýet bölümine işe çagyrdylar. 1997-nji ýylda bolsa Balkanabat şäherindäki «Şapak» medeniýet merkezinde işläp başladym. Şol ýyl «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdym. 2013-nji ýyldan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçiler medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa toparynyň halk saz gurallary bölüminde çykyş edýärin.
Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowy ruhy halypam hasaplaýaryn. Nurberdi halypa döredijiligi bilen bagşyçylygyň çopan ýoluny ösdürdi. Meniň aýdymlarymyň hem aglabasy hut, şol ýola degişli. Ondan başga-da, Magtymguly Garlyýewiň, Aşyrmämmet Dawudowyň, Saryhan Sapaýewiň, Molla Çäkliýewiň ýerine ýetiren halk aýdymlaryny höwes bilen aýdýaryn.
Kärdeşlerim, gyjakçym Baýramdurdy Söýünow, ussat zehinler Altyn Goşaýewa, Amangül Gurbanowa, Ýazmyrat Orazberdiýew bilen hemişe ýakyn aragatnaşyk saklaýaryn. Olar maňa hemişe degerli maslahatlaryny berip durýarlar. Meniň iki oglum bar. Kiçi oglum bagşyçylyga höwesjeň.
– Döwletmämmet, Gahryman Arkadagymyz medeniýet we sungat işgärleriniň kämilleşmegine, olaryň öz ussatlyklaryny dünýä ýaýmaklaryna uly mümkinçilikler döredýär. Muňa Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilýän medeniýet günleri hem doly şaýatlyk edýär. Size-de öz sungatyňyz bilen daşary ýurtlarda birnäçe gezek çykyş etmek miýesser boldy.
– Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri kalbymyzy buýsanja besleýär. «Dehistan» toparymyz bilen Belarus Respublikasynda, Hytaýda, Italiýada, Şweýsariýada döredijilik saparlarynda bolup geldik. Daşary ýurtly tomaşaçylar, diňleýjiler biziň milli aýdym-sazlarymyza, tanslarymyza, küştdepdimize uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler. Ine, şunuň özi bizi täze-täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.
– Geljekki maksatlaryňyz barada-da gürrüň edäýeli?
– Elbetde, her bir döredijilik adamsy kalbynda uly-uly maksatlar besläp döredýär, zähmet çekýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň medeniýet, sungat işgärleriniň baş maksady Watanymyzyň waspyny ýetirmek. Hut häzirki günlerde biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna täze aýdymlary döretmek bilen meşgullanýarys. Bu şanly seneň her bir gününi öz aýdym-sazlarymyz bilen bezemek – baş maksadym. Kalbymyzda şeýle uly ynamy, joşguny kemala getiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Hojaberdi BAÝRAMOW,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.