Makalalar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/954/original-160600bc3f29c4.jpeg

Şu gün, ýangy 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirilýär. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylgynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny berkitmekde uly işler alnyp barylýar. Ýagny, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-nde geçirilen nobatadaky Halk Maslahatynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem-de Milli Parlamentiň hil taýdan täze, kämil iki palataly ulgamyna geçilmegi ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmekde Milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny berkidip döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň has hem netijeli bolmagynda zerur bolan oňaýly şertleriň döredilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Kanun çykaryjy ulgamyň işini kämilleşdirmek babatda Türkmenistanyň Esasy Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, Milli Parlamentimiziň iki palataly ulgama geçilmegi Milli Kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalarynyň aýdyň güwänamasydyr hem-de iki palataly Parlament düzümini döretmekde örän möhüm ähmiýetli taryhy başlangyç boldy. Bu bolsa Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda , döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmekde hem-de olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda amatly şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeler we goşmaçalar ösen demokratik tejribe bolmak bilen çäklenmän eýsem halkymyzyň milli gymmatlyklaryny hem-de milli döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda raýatlaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanýandygy ähli kanunlarda öz beýanyny tapýar bu bolsa Esasy Kanunymyzyň döwrebap kämilleşmegine hem-de kanunlaryn ýerine ýetirilişini güýçlendirmäge oňyn ýardam berýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 66-njy maddasyndaky Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Milli Geňeşi bilen çalşyryldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işiniň guralyşy, onuň palatalarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň wezipelerini hem-de ygytyýarlykalaryny kesgitleýän “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Türkmenistanyň Milli geňeşi Kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan ybarat bolup olar: Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyrylýar.

Parlamentiň iki palataly ulgama geçilmegi bilen “Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edildi. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary halkymyzyň milli ýörelgelerine hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçýändigini bellemek zerurdyr.

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Esasy Kanunyny has-da kämilleşdirýän konstitusion hukuk kadalarynyň halkymyzyň milli mirasyna, medeni gymmatlyklaryna esaslanyp öňdebaryjy dünýä tejribesinde ösdürilmegi ýurdumyzyň Milli Kanunçylygynyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna giň mümkinçilikleri berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Milli Kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmekde ata-babalarymyzyň adalatlylyk, ynsaperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Şu ýörelgeler hem ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň kämil binýady bolup durýar.

Beggeldi GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

Hukugy fakultetiniň talyby.

Başga makalalar
16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.

169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.