
Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady
17.05.22 - 19:59Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
17.05.22 - 19:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Nebitgaz toplumynyň düzümlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar
17.05.22 - 15:19Prezident Serdar Berdimuhamedowyň anna güni geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi we bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berdi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi wodorod energetikasynyň geljegini maslahatlaşmak boýunça çäre gurady
17.05.22 - 15:11ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda «ýaşyl» wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň synag taslamasyny maslahatlaşmak üçin tegelek stol görnüşinde onlaýn çäre gurady diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
16.05.22 - 23:56Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Uzynadada tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny alyndy
16.05.22 - 17:09Türkmenistanyň Konstitusyýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öň ýanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Ekerem” buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Röwşen Garaýewiň we buraw ussasy Öwez Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar.

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy
15.05.22 - 09:3914-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky topar BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşdy.

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi
14.05.22 - 19:4413-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi
14.05.22 - 17:30Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna käýinç yglan edildi
14.05.22 - 13:31Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna käýinç yglan edildi.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi
14.05.22 - 12:53Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda 2022-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara
13.05.22 - 19:46Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi
13.05.22 - 18:0012-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky Çykyşy
13.05.22 - 17:15Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky Çykyşy

Gyýanly polimer zawodynda izobutanyň önümçiligi ýola goýlar
13.05.22 - 11:32Balkan welaýatynda ýerleşen Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desga gurlar. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli karary şaýatlyk edýär.