
Türkmenistanyň Prezidenti teatr festiwalyna gatnaşyjylary gutlady
21.05.22 - 17:51Türkmenistanyň Prezidenti teatr festiwalyna gatnaşyjylary gutlady.

Hormatly Prezidentimiz möhüm gurluşyk desgalaryndaky alnyp barylýan işleriň barşy hem-de täze taslamalar bilen tanyşdy
21.05.22 - 16:4920-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Baştutany hatyralandy
21.05.22 - 15:5520-nji maýda Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanda we Tatarystanda nebiti çykarmakda, gaýtadan işlemekde we nebithimiýasynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar
21.05.22 - 09:51Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti: ilatyň iş bilen üpjünçiliginde täze önümçilikleriň döredilmegi möhümdir
21.05.22 - 09:40Geçen penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy. Ileri tutulýan meseleleriň hatarynda täze iş orunlaryny döretmek agzaldy.

Seýdiniň NGIZ ýanwar-aprel üçin önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi
20.05.22 - 23:28Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody şu ýylyň başky dört aýynda ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar. Bu döwürde kärhanada çig malyň gaýtadan işlenilýän derejesi 162,8 müň tonna deň boldy, şol bir wagtda meýilnama 120,6% ýerine ýetirildi.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk çäreleri geçirildi
19.05.22 - 14:1718-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
19.05.22 - 13:1218-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
18.05.22 - 14:37Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
18.05.22 - 13:5517-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Döwletgeldi AKMÄMMEDOW, «Nebit-gaz» gazetiniň korrektory, şahyr:
18.05.22 - 11:12— «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň girişinde Gahryman Arkadagymyz diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar. Bu bolsa, her bir adam üçin örän möhümdir.

Güller ORAZOWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni:
18.05.22 - 10:59— Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza «Ömrümiň manysy» atly kitabyny sowgat etdi, täze eser uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boldy hem-de ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretdi.

Atda ATDAÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý:
18.05.22 - 10:44— Biz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň çapdan çykanlygy baradaky hoş habary guwanç bilen kabul etdik. Täze eseriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilmeginiň çuň manysy bar, çünki bu döwürde ýurdumyz taryhy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitaby rus dilinde neşir edildi
18.05.22 - 09:5817-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi
18.05.22 - 08:5117-nji maýda, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.