Habarlar
160919774d959a.jpeg
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşik geçirdiler
04.05.21 - 23:52

4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.


1609190c62bbb2.jpeg
Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly döwletara gepleşikleriň möhüm meselelerine seretdiler
04.05.21 - 23:25

3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.


1609105c40b431.jpeg
Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
04.05.21 - 13:31

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


1608f697b3cb72.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
03.05.21 - 08:10

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 171-si hasaba alyndy.


1608cd689319bc.jpeg
Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowa “Tatar Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy ” atly medaly gowşurdy
01.05.21 - 09:46

30-njy aprelde Kazanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.


1608cd10f08d9f.jpeg
Kazana Serdar Berdimuhamedowyň Mihail Mişustin bilen duşuşygy boldy
01.05.21 - 09:36

Kazana saparyň maksatnamasynyň çäklerinde 30-njy aprelde ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy -- Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygy boldy.


1608cca8082e58.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
01.05.21 - 09:28

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.


1608c8b13dedd8.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby özbek dilinde neşir edildi
01.05.21 - 04:08

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.


1608c1929e8360.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdi
30.04.21 - 20:41

29-njy aprelde paýtagtymyza Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol aýda Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhandan ilkinji süreleri peşgeş beripdir.


1608c163988f11.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri gepleşikleri geçirdiler
30.04.21 - 20:31

29-njy aprelde paýtagtymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Lideri mähirli garşylandy. Soňra ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini milli Liderimiz mähirli garşylady.


1608958ed6bb14.jpeg
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
28.04.21 - 17:46

27-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


16088f5fae849a.jpeg
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly çapdan çykdy
28.04.21 - 10:44

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Neşiriň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.


1608841d6ac4fb.jpeg
Seýdiniň NGIZ-de bitum önümçiligi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň girdejisiniň artmagyny üpjün eder — bilermen
27.04.21 - 21:55

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli bitumyň önümçiligi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň girdeji böleginiň artmagy üçin şertleri döredýär diýip, CentralAsia-nyň bilermeni, tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow belleýär.



1608419e4729ab.jpeg
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Konsepsiýa gol çekildi
24.04.21 - 18:15

Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygy üpjün etmek baradaky Howpsuzlyk Konsepsiýasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.