Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan - Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär
01.04.21 - 07:47Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan – Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler girizildi.
Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberleri artýar
31.03.21 - 08:18Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.
«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
31.03.21 - 07:42«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokuroryny wezipesinden boşatdy
31.03.21 - 00:06Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Halmurat Parhatowiç Kurbanow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.
TDHÇMB-da polipropileniň bahasy rekord derejesine baryp ýetdi
30.03.21 - 10:20Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplary açyldy
30.03.21 - 09:45Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi
30.03.21 - 09:25Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi
30.03.21 - 08:4228-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler.
Türkmen skripkaçysy Jemal Agajanowa halkara bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy
28.03.21 - 23:44Fransiýanyň Nissa şäherinden ajaýyp habar gelip gowuşdy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara bäsleşikde «skripka» ugrundan II orna mynasyp boldy, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär.
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi
28.03.21 - 23:10Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.03.21 - 22:46Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine iş sapary bolar
28.03.21 - 21:5030-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş sapary bolar. Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär
28.03.21 - 19:32Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri ýokary depginde dowam etdirilýär hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi
27.03.21 - 19:52Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.N.Selimow hakynda.
Türkmenistanyň Prezidenti hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady
27.03.21 - 11:09Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.