«Gamyşlyjanebit» NGÇM ýylyň başyndan bäri «gara altynyň» 114 müň tonnasyny çykardy
12.04.21 - 23:20«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar.
Plastik turbalarynyň kömegi bilen 142 sany guýy abatlanyldy
12.04.21 - 22:52«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde plastik turbalaryň kömegi bilen abatlaýyş işleri geçirilen nebitgaz guýularyny işe girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
12.04.21 - 08:12Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda önümleriň köp görnüşleriniň öndürilýän mukdary artdy
11.04.21 - 11:20Şu ýylyň üç aýynda geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende, çalgy ýaglaryny, nebit koksuny, sement, süýji-köke önümlerini öndürmekde ösüş gazanyldy.
Ýurdumyzda 2021-nji ýylda 82 müň 400 tonna şaly öndürmek göz öňünde tutulýar
11.04.21 - 09:18Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.
Türkmenistanda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçirmek bellenildi
10.04.21 - 09:11Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
10.04.21 - 08:12Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Ýelizaweta II ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
09.04.21 - 13:29«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2021-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
09.04.21 - 12:408-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýa üstünlikli geçirilgi
09.04.21 - 09:18Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýa üstünlikli geçirilgi. Böwrek transplantasiýa operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaga özüniň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirildi. Bu çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki döwürde böwregini beren adamyň we böwrek oturdylan näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.
Ýurdumyza lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar getirildi
09.04.21 - 09:058 aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.
Gyrgyzystan Türkmenistandan tebigy gazy almak boýunça gyzyklanma bildirýär
08.04.21 - 11:08Gyrgyzystanyň Energetika ministrligi tebigy gaz almak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ministr Kubanyçbek Turdubaýew Žogorku Keneşiň (Parlamentiň) geňeşiniň ýangyç-energetika toplumy we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça mejlisinde beýan etdi, diýip 24.kg habar berýär.
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi
08.04.21 - 09:437-nji aprelde Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bagtly çagalyk — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
07.04.21 - 14:30Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
07.04.21 - 10:03Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi uly dabara bilen bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary giňden ornaşdyrylýan Garaşsyz Watanymyzda bu ajaýyp halkara baýrama gabatlanyp geçiril- ýän medeni-sport çäreleriniň mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.