Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden
02.07.21 - 09:031-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
M.Çakyýew Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
02.07.21 - 05:10Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: Polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly.
Ýurdumyzyň gallaçylary däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
01.07.21 - 10:22Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar.
Prezident «Türkmengeologiýa» DK ýurt boýunça geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy
30.06.21 - 18:20Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
30.06.21 - 07:42Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynyň 29-iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasy açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi
29.06.21 - 09:0628-nji iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar
29.06.21 - 08:40Türkmenistanyň gaz ulgamynda taslamalary amala aşyrmak üçin Hytaýyň beren karzlaryny doly gaýtaranlygy baradaky habar daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we dünýä metbugatynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady
28.06.21 - 16:07Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Uhnaagiýn Hurelsuha Mongoliýanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
28.06.21 - 09:1027-nji iyunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.
Ýurdumyda internet hyzmatlarynyň bahalary arzanladylar
27.06.21 - 20:34Ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany barha artýar. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýar.
Adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär
27.06.21 - 19:31Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady
27.06.21 - 05:28Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady.
Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde liderligi saklaýar
26.06.21 - 14:20Hytaý 2021-nji ýylyň aprelinde 4 milliard 227 million kub metr tebigy gazyny import etdi. Bu 2020-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 800 mln kub metr köpdür. Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 576 million kub metr tebigy gazyny iberdi we gaz eksport edijileriň arasynda birinji orny eýeledi.
Özbegistan satyjydan «Gazpromdan» türkmen gazyny satyn alyja öwrüldi
26.06.21 - 14:15Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna gaz satyjydan alyja öwrüldi. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň ýewro obligasiýalary boýunça resminamalaryna salgylanyp, “Interfaks” habar gullugy duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
25.06.21 - 07:4024-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.