Habarlar
1606bc46d94b91.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi
06.04.21 - 07:16

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.


1606a853d07179.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
05.04.21 - 08:34

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.


160697021e9a21.jpeg
«Nebitgazçykaryş» tresti «Türkmennebit» DK-nyň nebit çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrýar
04.04.21 - 12:52

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri nebit çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we olary ulanyşa girizmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýärler.


160696a6824d14.jpeg
TNGIZT-de «gara altynyň» gaýtadan işlenilýän möçberleri artdyrylýar
04.04.21 - 12:29

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebit çig malynyň gaýtadan işlenilýän möçberlerini durnukly artdyrýar.


16067ed0b8dc40.jpeg
Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy
03.04.21 - 09:20

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy.


160668f70eb998.jpeg
Türkmenistan we Russiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär
02.04.21 - 08:30

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy.


1606540bc34ad0.jpeg
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi
01.04.21 - 08:41

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.


160653cad2bb0f.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy
01.04.21 - 08:24

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.


1606538be247d0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy
01.04.21 - 08:07

Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary! Ilkinji nobatda men, Türkmenistan bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalaryňyz we halkara giňişliginde, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurdumyza berýän goldawyňyz, şeýle hem Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri syýasata esaslanýan parahatçylykly daşary syýasat ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine yzygiderli berýän ýardamyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!


16065341d4c885.jpeg
Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan - Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär
01.04.21 - 07:47

Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan – Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler girizildi.


16063e9c35f708.jpeg
Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberleri artýar
31.03.21 - 08:18

Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.


16063e14740bcb.jpeg
«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
31.03.21 - 07:42

«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär.


16063769719886.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokuroryny wezipesinden boşatdy
31.03.21 - 00:06

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Halmurat Parhatowiç Kurbanow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.


16062b4cf41103.jpeg
TDHÇMB-da polipropileniň bahasy rekord derejesine baryp ýetdi
30.03.21 - 10:20

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.


16062ac6019daa.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplary açyldy
30.03.21 - 09:45

Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.