Türki dilli döwletleriň toparlary «Küştdepdini» wideogörnüşinde görkezerler
01.11.20 - 18:28Aşgabatda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanda banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümleri ösdürilip ýetişdiriler
01.11.20 - 14:40Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek maksady bilen, dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhanalar gurular.
Türkmenistanda 7-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
01.11.20 - 13:08Türkmenistanda 7-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu ägirt uly maksatnamany ýerine ýetirilmegine ýurdumyzyň tutuş ilaty gatnaşar.
Aşgabatda täze “Diwan” myhmanhanasy açyldy
29.10.20 - 11:30Hormatly Prezidentimiz, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze “Diwan” myhmanhanasynyň açylmagyna badalga berdi.
Aşgabatda ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy
29.10.20 - 09:27Aşgabatda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly Halkara maslahaty öz işine başlady
28.10.20 - 20:23Şu gün, 28-nji oktýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» (OGT — 2020) atly Halkara maslahaty öz işine başlady.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyna gatnaşyjylara
28.10.20 - 09:38Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!
Dünýä bazarlarynda ýokary hilli Türkmen polietileni uly islege eýe boldy
27.10.20 - 14:28Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) Gyýanlydaky polimer zawodynyň öndürýän polietileniniň satuwlary ep-esli artdy.
Hormatly Prezidentimiz dynç güni sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy
26.10.20 - 19:45Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.
Aşgabatda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär
24.10.20 - 18:43Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.
Ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşýarlar
24.10.20 - 11:13Ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 131,2 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda azyk önümleri bilen elýeter bahadan üpjün edilýär
24.10.20 - 09:05Ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlik derejede we elýeterli üpjün etmek maksat bilen, Ministrligiň garamagyndaky söwda kärhanalary ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, ýerli önüm öndürijilerden azyk harytlaryny satyn alýarlar.
Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriň mukdary ep-esli artdyrylar
23.10.20 - 20:50Oba hojalyk toplumyny ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatynda garady.
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalyň täze sany çap edildi
22.10.20 - 22:54«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy publisistik žurnalynyň täze sany çap edilip, okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi
22.10.20 - 21:41Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyşy geçirildi.