Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär
24.11.20 - 15:0723-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.
Resmi habar
24.11.20 - 12:55Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi sebäpli, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenildi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
23.11.20 - 13:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
2021-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça bäsleşige 700-e golaý taslama gelip gowuşdy
23.11.20 - 13:032021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesinden jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumyny açdy
22.11.20 - 12:42Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Çoganly şäherçesinde bina edilen Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýylyň öňüsyrasynda içerki bazaryň üpjünçiligi artdyrylýar
21.11.20 - 17:43Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Aşgabatda «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler
21.11.20 - 10:2924-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçiriler.
Ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça işler geçirilýär
20.11.20 - 21:40“Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi.
Aşgabatda Türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler
20.11.20 - 21:0023-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler.
Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
20.11.20 - 20:20Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.
Türkmen geologlary agyz suwunyň täze gözbaşlaryny açdylar
19.11.20 - 14:10Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar
19.11.20 - 11:14Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda iki tarapyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.11.20 - 08:26Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
18.11.20 - 15:13Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhana işe girizildi
18.11.20 - 08:36Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.