Habarlar
15fe1bb9156565.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylara kompýuterleri gowşurmak dabaralary başlandy
22.12.20 - 14:25

21 dekabrda paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.


15fe1ade86d02e.jpeg
Zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy
22.12.20 - 13:28

Aşgabatda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.



15fe063283f882.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
21.12.20 - 13:56

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar.


15fdf27e0d7015.jpeg
Döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär
20.12.20 - 15:32

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.


15fdefd16b1232.jpeg
Ýaş režisýor Arslan Eýeberdiýew «Durmuş kyssalary» atly çeper filmini surata düşürdi
20.12.20 - 12:34

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde ýaş režisýor Arslan Eýeberdiýew «Durmuş kyssalary» atly çeper filmini surata düşürdi.


15fddacd0a3f44.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy
19.12.20 - 12:33

Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy


15fdda58129455.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
19.12.20 - 12:02

18 dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.


15fdcdd4e98482.jpeg
Russiýanyň zawodlary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin önümleri möhletinden öň ibermegi başardylar
18.12.20 - 21:48

OMK Çelýabinsk zawody (Russiýa) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine önümleri bellenilen möhletinden bir aý öň tabşyrmagy başardylar. Bu barada rus habar beriş serişdeleri habar berýärler.


15fdc664bb9bcc.jpeg
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
18.12.20 - 13:20

17 dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


15fdb9328c21e2.jpeg
Halypa ýoly dowamat-dowam
17.12.20 - 22:14

Göwnüňe bolmasa, türkmen halky halypa-şägirt gatnaşyklaryna beýleki halklardan hem has köp üns berýän ýaly. Eger şeýle bolmasa, zehini, döredijiligi bilen tälim alan halypasyny ýatladyp duran adamlara aýratyn ýakymly bakyş bilen seredilermidi?! Eger şeýle bolmasa, «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýilermidi?! Halypadan ozdurmak üçin nähili tebigy zehiniň gerekdigi hemmä düşnükli. Ýöne halypa meňzäp bilmegem, biziň pikirimizçe, uly ussatlyk.


15fdb1d20c58a1.jpeg
Eni-niň türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşiginde SOCAR Trading ýeňiji boldy
17.12.20 - 13:56

“SOCAR Trading” Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Eni Turkmenistan” tarapyndan öndürilen türkmen nebitini satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada Argus Media habar berýär.



15fdb16b508347.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi
17.12.20 - 13:28

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


15fda335793199.jpeg
Aşgabadyň ýaşaýjylary Täze ýyl kerwenini uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar
16.12.20 - 21:18

Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk paýtuna ak mermerli türkmen paýtagty boýunça gezelenj etdip Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşdiler. Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar.