Habarlar
15fda03d486450.jpeg
Кöpöwüşginli yşyklar hemmeleriň söýýän baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi
16.12.20 - 17:58

15 dekabrda ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.


15fd9baa7de852.jpeg
Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
16.12.20 - 12:35

15 dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi.


15fd8749c3b901.jpeg
Häzirki zaman çagyryşlar şertlerinde Bitarap Türkmenistanyň tejribesi has uly islegden peýdalanýar – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy
15.12.20 - 13:32

Russiýa, 25 ýyl ozal bitaraplygyny yglan eden, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny goldaýar, häzirki bar bolan çagyryşlary ýeňip geçmekde bitarap döwletiň tejribesini zerur hasaplaýar.


15fd86b1adf3f8.png
Eni — Türkmenistanda nebitiň sarp edilişi durnukly ösýär
15.12.20 - 12:51

Türkmenistanyň içerki bazarlarynda nebitiň sarp edilişiniň depgini durnukly ýagdaýda ösýär. Bu barada Eni italýan nebitgaz kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan World Oil Review 2020 hasabatynda aýdylýar.


15fd865860ac4c.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.12.20 - 12:28

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.


15fd726b044df0.jpeg
CNPC — Türkmenistanyň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy
07.01.21 - 15:03

Dünýäniň iri kompaniýalarynyň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýär.


15fd702e91ef87.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
14.12.20 - 11:16

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralary bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


15fd5d142d0978.jpeg
Günäsi geçilen raýatlarymyz maşgala agzalarynyň arasynda baýramçylygy bellediler
13.12.20 - 16:03

Dün jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelip öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdu- myzyň ösüşine işjeň gatnaşak günäsi geçilen raýatlarymyz maşgala agzalarynyň arasyna ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyny bellediler.


15fd451ef9b985.jpeg
Daşary ýurt raýatlarynyň uly toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi
12.12.20 - 10:15

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem “Migrasiýa hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


15fd43324b9741.jpeg
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
12.12.20 - 08:04

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Bütindünýä ähmiýetli waka bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


15fd39cfa8098d.jpeg
Saglygymyzyň gadyryny janymyz sagdynka bileliň!
11.12.20 - 19:31

Dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama keselleri, esasan, wiruslar, bakteriýalar ýaly, mikroorganizmler tarapyndan döredilýän ýokanç kesellerdir. Bu keseller möwsümleýin bolup, esasan, howanyň sowa-magy we adamlaryň nädogry geýinmegi bilen ýüze çykýar.


15fd3053c3bb0c.jpeg
Hyratda 2021-nji ýylda TOPH-nyň owgan bölegindäki gurluşyk işleri başlanar
11.12.20 - 10:35

Geljek ýylda Hyratda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde gurluşyk işleri başlanar. Bu barada Owganystanyň şahtalar we nebit senagaty ministri Garun Çahansuri metbugat maslahatynda aýtdy, diýip owgan habar beriş serişdeleri belleýär.


15fd242b8d10d0.jpeg
Rus dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy
10.12.20 - 20:46

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Halkara serginiň nobatdaky gününiň çäklerinde, Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.


15fd23844537a4.jpeg
Türkmenistan adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna ABŞ-nyň 100 müň dollar pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi
10.12.20 - 20:03

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministri adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna pul gatançlaryny yglan etmek boýunça ýokary derejeli çärä gatnaşdy.


15fd0d54d3e9fd.jpeg
Resmi habar
09.12.20 - 18:46

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Guwanç Döwletmämmedowiç Orunow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.