
Türkmenistanyň Prezidenti «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
01.10.21 - 16:35Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
30.09.21 - 22:28Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
30.09.21 - 21:39Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.

Saud Arabystany TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýar — ilçi
28.09.21 - 23:00Saud Arabystany Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz magistralynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ählitaraplaýyn goldaýar. BU barada Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçisi Said Osman Ahmed Suweýl Saud Arabystany Patyşalygynyň gününiň bellenilmegi mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.

Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” Söwda we dynç alyş işewürlik merkezi açyldy
28.09.21 - 21:1926-nji iýunda, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” Söwda we dynç alyş işewürlik merkezleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň «EKSPO-2020 Dubaý» sergisine gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy
24.09.21 - 19:33Çarşenbe güni «EKSPO-2020 Dubaý» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyrjysy Omar Şehadeh bilen geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Mary welaýatynyň gaz geçirijilerini abatlamak işleri alnyp barylýar
24.09.21 - 19:18«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça müdirliginiň gurluşykçylary we gurnaýjylary bu sebitiň şäherlerinde we obalarynda orta we ýokary basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygyny ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirýärler.

Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiliginde ýokary ösüş depginlerini gazandy
24.09.21 - 10:06Ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) dürli kysymly benzinleriň 135 müň 200 tonnasy öndürildi, önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9%-e deň boldy. Şeýle-de zawod dizel ýangyjy, agyr wakum gazoýly, ýol bitumy ýaly beýleki önümleriň hem önümçiliginiň ýokary ösüş depginini görkezdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
20.09.21 - 11:05Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 291-si hasaba alyndy.

Türkmenistan Gruziýa nebit önümlerini iberilen möçberi boýunça ilkinji gezek birinji orny eýeledi
19.09.21 - 22:59Gruziýanyň Nebit önümleri boýunça importçylar birleşiginiň habar berşi ýaly, şu ýylyň sekiz aýynda Gruziýa awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň 743,7 müň tonnasyny satyn aldy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde daşary ýurtlarda şol nebit önümleriniň satyn alnyşy 4 göterime golaý artdy.

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak möhüm wezipe
19.09.21 - 21:52Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işini durnuklaşdyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklaryny doly ulanmagyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, şeýle hem nebitgaz toplumyna maýalary çekmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistan Dubaýdaky EXPO-2020 sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär
19.09.21 - 17:27Ýakynda Türkmenistanyň paýtagtynda 1-nji oktýabrda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) dabaraly ýagdaýda açyljak EXPO-2020 sergisine bagyşlanyp, webinar geçirildi. Ony BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Aşgabatda Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler
19.09.21 - 16:52Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda giň möçberli sergi geçiriler. Giň möçberli çäräniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow penşenbe güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezi dörediler
18.09.21 - 17:5716-njy sentýabrda “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.

“Yug-Neftegaz” kompaniýasy Günbatar Türkmenistanda gözleg-barlag işlerini geçirer
18.09.21 - 09:10Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynda gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.