Smartfonlardaky oýunlar kiçijik çagalara we mekdep okuwçylaryna peýdaly bolup biler
13:37 07.04.2021 164

Ýaş ene-atalar çagalara irki çagalyk döwründen planşetlerde we smartfonlarda oýun oýnamaga mümkinçilik berýärler, bu ýagdaý bu işde peýdany görmeýän uly nesillerde düşünmezligi emele getirýär. Ýöne bu mesele boýunça alada etmek hakykatda esassyz diýip, kliniki psiholog Artur Garaganow hasaplaýar. Ol çagalaryň häzirki reallykdan daşda bolmazlyklary üçin döwrebap oýunlary oýnamalydygyna ynandyrýar.
“Planşeti, eger-de olar öwrediji we ösdüriji serişdelere eýe bolsa, iki ýaşly çagalara-da bermek bolýar. Eger-de bu serişdeler olara kommunikatiw başarnyklary ýa-da hereket işjeňligini emele getirmäge kömek etse, onda ol olaryň bilim ýa-da gündelik oýun işine düýpli ornaşmalydyr. Çagalar stolüsti oýunlaryndaky predmetler bilen hem oýnamalydyrlar, ýöne planşeti inkär etmeli däl. Eger-de muňa ýol berseň, onda çaga häzirki barlykdan ünsüni sowup, smartfonuň nähili işleýändigini bilmeýän käbir mamalara we babalara meňzärler” – diýip, Sputnik radiosyna psiholog gürrüň berýär.
Planşetlerdäki we smartfonlardaky oýunlar diňe bir kiçijik çagalara däl, eýsem, mekdep okuwçylaryna hem peýdaly bolup biler.
Aknur AKJAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Ajy burç
Ajy burç bedeniň alyş-çalşygyny gowulandyrýar. Ol aşgazanda we içegede howply bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Tebigy burç antibiotik hökmünde hem giňden bellidir. Alymlar onuň hemme mikroblaryň takmynan 75 göterimini ýok edýändigini tassyklaýarlar.

Düýäniň çaly, agarany, ýüňi müň derdiň dermany
Düýäniň süýdüniň aşgazana melhem bolşy ýaly, çalydyr agarany hem müň derdiň dermany hasaplanýar. Düýe süýdünden, düýe çalyndan başga-da halkymyz agaran, süzme, gurt ýaly önümleri taýýarlapdyr.

Halk lukmançylygynyň kömegi bilen gözümiziň ýitiligini dikeltmek
Biziň gözümiz elmydama ýokary agrama sezewar bolýar. Kompýuterde işlemek, telewizora tomaşa etmek, elektron kitaplary okamak — bularyň ählisi gözümize täsir edýär.

Bananyň we balygyň peýdasy
Bananyň we balygyň peýdasy

Ýadyňyzy berkidiň!
Ynsanyň ýady gaýtalanmajak, üýtgeşik bir täsinlikdir. Käbir adamlar görýän zadyny ýadynda gowy saklaýar. Ýene biri eşidýän zadyny, başga biri bolsa, ýazýan zadyny ýadynda gowy saklaýar. Ýadyňyzy berkitmek üçin dogry iýmitlenmek has-da zerurdyr.