Ýiti Gün şöhlesi: onuň täsirinden nähili goranmaly?
Gün şöhlesi adamyň kesele goraýjylyk ulgamyny pugtalandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa, Günüň jöwzaly yssysynda çagalaryň daşarda oýnamaklygyna ýa-da gezelenç etmekligine rugsat bermeli däldir. Organizme gerek bolan D witamininiň mukdaryny almak üçin her gün 15 — 20 minut irden sagat 10:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň ýaş çaga bilen gezelenç etmek ýeterlikdir.
Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Bedene zerur bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizlige, ukynyň bozulmagyna we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Günüň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Jokrama yssyda işlenilen ýagdaýynda Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başyňa başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe günden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen bedenden köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy netijesinde diňe bir bedendäki deňagramlylyk bozulman, eýsem, ganyň goýalyşmagyna getirýär. Arassa agyz suwy talabalaýyk kabul edilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak üçin 2,5 — 3 litre golaý mineral ýa-da arassa agyz suwy kabul etmeli.
Deňiz ýakasynda dynç almak, deňiz suwuna düşmek, kenarda gyzgyn çägäniň üstünde aýakýalaňaç gezmek köp keselleriň öňüni almaklyga kömek edýär. Günüň has gyzýan wagty, ýagny günortan deňizde suwa düşmekden saklanmaly, sebäbi Gün urmagyna ýa-da beden derisiniň ýanmagyna getirmegi mümkin. Deňizde suwa düşmek ertir irden sagat 10:00-a çenli, öýlän sagat 18:00-dan soň maslahat berilýär. Günden goraýjy serişdeleri ulanyň, ol beden derisini öte ýanmadan gorar.
Günüň aşagynda başgapsyz gezelenç edilende ýa-da günortan deňizde, howdanlarda suwa düşülende adamda Gün urmanyň ýüze çykmagy mümkin. Gün urmagy umumy ysgynsyzlyk, güýçli kellagyry, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, görejiň ulalmagy we gaýtarma ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Şeýle alamatlar ýüze çykan badyna ilkinji kömek bermegi we «Tiz kömek» gullugyny çagyrmagy unutmaly däl. Eger-de, ilkinji kömek berilmese, Gün uran adamyň ýagdaýy beterleşip, huşundan gitmegi mümkin. Gün urany kölegä ýa-da otaga geçirip, kellesini birazajyk ýokary galdyryp ýatyrmaly. Ýokarky egin-eşigini açyşdyrmaly, gowy dem almagyna kömek etmeli, bedenini gysyp duran kemer ýa-da sintetik eşik bolsa aýyrmaly. Eger näsagyň ýagdaýy gowy bolsa, onda oňa sowugrak suw içirmeli. Näsag huşundan giden bolsa, naşatyr spirtini ysgadyp, dem alşyny oýandyrmaly we kellesine, goltuklarynyň aşagyna, boýun, gasyk töweregine sowuk suwa öllenen mata bölegini goýmaly. «Tiz kömek» gullugy gelýänçä, näsagyň ýagdaýyny gözegçilik astynda saklamaly.
Mähriban ildeşler, şu düzgünleri doly berjaý ediň we Gün urmadan özüňizi we maşgalaňyzy goraň!
Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.