Peýdaly maslahatlar

Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden nähili goranmaly?

https://ussatnews.com/storage/posts/1539/original-160edeb8853f41.jpeg

Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranmak üçin daş çykanyňyzda, kelläňize açyk reňkli başgap geýiň, saýawan göteriň, nah matadan giň biçüwli egin-eşikleri geýiň. Gysyp duran sintetik eşikleri geýmekden saklanyň. Göreçleri ýiti Gün şöhlesinden goramak üçin Günden goraýjy äýnekleri ulanyň.

Daşarda ýaş çaga bilen gezelenç etmek ýa-da ýöremek, ylgamak, tigir sürmek isleseňiz, ir sagat 6:00-dan 9:00-a çenli, agşam 19:00-dan soň meşgullanyp bilersiňiz.

Tomsuna aşa doýmakdan, ýagly, duzly, gowrulan we kakadylan iýmitlerden saklanyň. Iýmitiňiziň esasy bölegi gök önümler, miweler we süýt önümleri bolsun. Derman otlaryndan taýýarlanan çaýlary, dürli miwelerden taýýarlanan gaýnatmalary we gawun-garpyzy köpräk ulanyň.

Gyzgyn howadan gelip kondisioneriň öňünde durmaň, aşa sowuk suw içmäň. Gazly we spirtli içgileri içmekden saklanyň.

Ýiti gün şöhlesiniň täsiri netijesinde deriniň ýanmagy, wagtyndan öň ýygyrt atmagy deride howply täze döremeleriň emele gelmegine, öňden bar bolan ýürek-damar keselleriniň ýitileşmegine getirýär.

Tomusda Gün şöhlesiniň täsiri bilen deride tegmilleriň döremegine getirýän efir ýaglary goşulan kosmetiki serişdeleri, atyrlary peýdalanmakdan gaça duruň. Deriniň açyk ýerlerine Gün şöhlesinden goraýan kremleri ulanyň.

Howanyň çendenaşa gyzýan wagtynda Günüň aşagynda ýa-da kölegede uzak wagtlap durmaklyk netijesinde Gün urma duçar bolunýar.

Gün urmanyň ilkinji alamatlary deriniň gyzarmagy, güýçli deriň bölünip çykmagy, adamyň pulsunyň, dem alşynyň we ýürek urşunyň çaltlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, ýürek bulanma, gaýtarma hem-de uzak wagtlap Günüň täsirinden beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Gün urma duçar bolana ilkinji kömegi bermeli. Gün urany, ilki bilen, salkyn ýere ýerleşdirmeli. «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Naşatyr spirtini ysgatmaly. Gyzyp duran egin-eşiklerini açyşdyrmaly. Aram sowuklykly suw bermeli, mümkin bolsa, suwa birazrak duz goşmaly. Kellesine, döşüne, goltuklarynyň aşagyna, gasyk töweregine sowuk suwa öllenen matany goýmaly we ýüzüni ýelpemeli.

Hormatly ildeşler! Gün şöhlesiniň ýiti döwründe zerurlyk bolmasa, daş çykmakdan saklanmak arkaly Gün urmanyň öňüni alyp bolýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.