Deňizde dynç almak – sagdyn bolmak

19:17 04.08.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1657/original-1610aa1719ed8c.jpeg

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sagdyn ýaşaýşyň gözbaşyna öwrüldi. Çünki, deňiz we deňiz howasy ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Adamlaryň deňiz kenarynda dynç alan her bir güni, olar üçin şypaly ýaşaýyş we sagdyn durmuşdyr.

Ylmy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, deňziň ynsan saglygyna peýdaly 10 emi bar. Olar şu aşakdakylardyr:

1. Deňiz suwundaky deňiz duzy ynsan bedeniniň derisini täzeleýär;

Deňiz suwundaky deňiz duzy adam derisi üçin örän peýdalydyr, sebäbi ol antibakterial häsiýetlere eýedir we islendik ýaralaryň, tonlaryň we deriniň arassalanmagyna kömek edýär. Deňizde ýüzmek bolsa deriniň ýagdaýyny ep-esli gowulandyrýar.

2. Deňiz suwy wirus kesellerine peýdaly;

Deňiz suwy köp bakteriýalary we wiruslary öldürýär, şonuň üçin deňiz suwy köplenç sowuklamany we gulagyň, bokurdagyň, burnuň kesellerini bejermek üçin ulanylýar.

Çaganyň dümewläp burny akýan ýa-da bokurdagy agyrýan bolsa, deňiz suwy bilen ýuwnup ýa-da deňizde suwa düşüp saglygyny dikeldip biler.

3. Deňiz suwy adamlara mikro massaž ýaly täsirlidir;

Adamlar deňizde suwa düşen mahaly, deňiz suwy olara massaž ýaly täsir edýär. Deňiz suwy ynsan derisinde we dokumalarda madda çalşygyny döredip, limfa akymyny gowulaşdyrýar. Netijede bolsa, ynsan bedenindäki ähli toksinleri aýrylýar.

4. Deňiz adamlaryň immunitetini ýokarlandyrýar;

Köplenç näsag adamlara bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek deňze çykmaklyk maslahat berilýär. Deňiz immunitetiň umumy güýçlenmegine goşant goşýar, gandaky gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar we kislorod aýlanyşyny gowulandyrýar. Şonuň üçin hem, adamlara deňiz kenarynda azyndan iki-üç hepde dynç almaklyk maslahat berilýär.

5. Deňiz howasyndan dem almaklygyň ynsanlar üçin göze görnüp duran peýdalary bar;

Deňiz howasy adamlaryň saglygy üçin peýdaly elementlerden doludyr. Esasanam deňiz howasynda ýod bilen kislorod köpdür. Deňiz howasyndan mümkin boldugyça doly dem alnanda, öýkeniň işi gowulaşýar we gan kislorod bilen doýýar. Çünki, deňiz howasynda şäherdäki ýaly tozan ýok. Hut şu nukdaýnazardan-da, deňiz howasy köp zyýanly maddalaryň dem alyş ýollaryny arassalaýar.

6. Deňiz adamyň bedeni berkidýär;

Umuman aýdanyňda, deňiz adamlaryň bedenini berkitmäge kömek edýär. Yssy howanyň täsiriniň üýtgemegi, şeýle hem salkyn suwda ýüzmek bedeni kuwwatlandyrýar.

7. Deňiz suwy adamyň bedenini peýdaly maddalardan doýurýar;

Deňiz suwunyň ägirt uly peýdalary, onuň ynsan bedenine ýaramly maddalara örän baýlygy bilen esaslandyrylýar. Çünki, deňiz suwunyň düzüminde köp mukdarda mineral duzlar, atmosfera gazlary, ýod, kaliý, magniý, kalsiý, hrom, demir, hlor, altyn, kümüş, bariý ýaly maddalar bar. Suwda duz näçe köp bolsa, adam şonça-da sagdyn bolýar. Çünki, suwda duzuň köp bolmagy, bedendäki selen ýetmezçiligini doldurýar. Deňiz duzy ynsan bedenini peýdaly mikroelementler bilen doldurýar.

Megapolislerde ýaşaýan adamlaryň hemmesinde diýen ýaly selen ýetmezçiligi bar. Selen öýjükleri erkin radikal zeperlerden goraýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, deňze syýahat etmeklik, bedendäki selen ätiýaçlyklaryny doldurmaga kömek edýär.

8. Deňiz tolkunlarynyň sesi ynsan degnasyny sagaldýar;

Deňiz tolkunlarynyň sesi adamlaryň degnasyny (nerwisini) köşeşdirip, ony rahatlandyrýar. Çünki, tolkunlaryň sesi deňiz suwunyň duzy we ýody bilen bilelikde çaganyň ýadawlygyny, howsalalylygyny, ynjalyksyzlygyny ýok edýär.

9. Deňiz suwundaky ýod çaganyň akyl-paýhasyna oňyn täsir edýär;

Deňiz suwundaky ýod çagalaryň ýadynyň we akyl ýetirijilik ukyplarynyň ösmegine täsir edýär. Çagalara gum we çagyl daşlary bilen oýnamaklyk, olara hereket endiklerini – maşklaryny öwredýär hem-de sözleýiş we pikirleniş ukyplarynyň ösmegine örän oňyn täsir edýär.

Deňiz suwundaky ýodyň çagalar üçin psihoterapewtik täsiri hem örän peýdalydyr. Çünki, çagalar deňizde dynç alanyndan soň, özlerini diýseň rahat we sagdyn duýýarlar.

Deňiz tolkunynyň sesini diňlemeklik we suwuň ýüzüne syn etmeklik bilen çaga dynç alýar, özüni asuda we tebigat bilen sazlaşykly duýýar! Çaganyň birnäçe hepdeläp deňizde dynç alan günleri, onuň saglygyny dikeltmäge we bir ýyllap bedenini kuwwatlandyrmaga kömek eder.

10. Deňiz kenaryndaky gezelenç – maşk etmek ýaly peýdaly;

Deňiz kenaryndaky gezelençler bedeni berkitmeklik üçin örän peýdalydyr. Deňiz kenaryndaky gezelençler howuzdaky duş ýa-da maşk ýaly ajaýyp suw bejergisidir. Şeýle gezelençler deriniň ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär, aýakdaky refleks nokatlaryny işjeňleşdirýär (deňziň düýbündäki gum we daşlar sebäpli) we myşsalary türgenleşdirýär.

Deňiz kenaryndaky gyzgyn gumuň peýdalary çagalar üçin örän ýaramlydyr. Çagalar elmydama gumda oýnaýarlar: guma çümýärler, jadyly galalar gurýarlar. Şular ýaly gyzgyn çägede saglygyňy bermekligiň — gyzgyn çäge bejergisiniň «Psammoterapiýa» diýen ady bar.

Diýmek, deňiz kenary ynsan bedenine diýseň oňyn täsir edip, immunitetini güýçlendirýär we nerw, dem alyş, iýmit siňdiriş, ýürek-damar we endokrin ulgamlaryny gowulandyrýar.

Jennet ÝAZKULYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.

Başga makalalar
16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.


165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.

1658d4df34d0ed.jpeg
Nohudyň peýdasy

Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.


1658bce4e243ca.jpeg
Greýpfrut — peýdaly miwe

Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär.