Peýdaly maslahatlar

Gün şöhlesiniň täsiri

https://ussatnews.com/storage/posts/1713/original-1611e6b6ae3e38.jpeg

Tomus paslynyň yssy günleri Gün urma we dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Gün şöhlesiniň ýiti düşýän wagty uzak wagtlap daşarda gezilende, Günüň urmagyna ýa-da bedeniň derisiniň ýanmagyna getirmegi mümkin. Tomusda çagalaryň kölegede oýnamaklygyna gözegçilik etmeli. Bu pasylda geýilýän eşikler ak, açyk reňkli, nah matadan tikilen bolmalydyr.

Tomusda howanyň yssylygy sebäpli adamyň bedeni suwy köp ýitirýär we öwezini dolmak üçin onuň suwa bolan talaby ýokarlanýar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Suw içmekligiň kada-düzgünleri doly we dogry berjaý edilende, suw doly siňýär we bedendäki biologiki hadysalaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Adam suwy yzygiderli kabul etmese, suwsuzlykdan tapdan düşüp başlaýar. Bedendäki suw deňagramlylygynyň saklanylmazlygy ganyň lagtalanmagyna hem-de ýürek gan damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Netijede insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suwuklygy, ýagny miwe şiresini, gaýnatmalaryny, çaýy, arassa agyz suwuny, limon garylan suwy ýa-da itburundan taýýarlanylan melhemleri içmek maslahat berilýär.

Kelleýalaňaç ýa-da saýawansyz gezmegiň netijesinde Gün urma ýüze çykýar. Umumy ysgynsyzlyk, güýçli kellagyry, gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, gözüň görejiniň ulalmagy we gaýtarma onuň alamatlarydyr. Şeýle alamatlar ýüze çykanda, ilkinji kömegi bermegi we «Tiz kömek» gullugyny çagyrmagy unutmaly däl. Gün uran adamy ýa-da çagany basym kölegä ýa-da otaga geçirmeli. Ýokarky egin-eşigini ýeňledip, gowy dem almagyna kömek etmeli, bedenini gysyp duran kemer ýa-da sintetik eşik bolsa aýyrmaly. Oňa aram sowuk suw içirmeli, kellesine, goltugynyň aşagyna, ýüreginiň üstüne buz ýa-da sowuk suwa ezilen mata goýmaly. Mümkin bolsa, ýürek damjasyndan (korwalol) içirmeli, naşatyr spirtini ýa-da atyr ysgatmaly.

Tomus aýlarynda deňizde, howdanlarda, ýaplarda suwa düşmek beden üçin peýdalydyr. Suwa düşmek ýa-da gezelenç etmek üçin iň amatly wagtlar hökmünde ir säherden sagat 10.00-a çenli we giç öýlän sagat 18.00-dan 21.00-a çenli maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Gökdere jülgesindäki çagalaryň dynç alyş merkezlerinde Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Aşgabat şäher saglygy goraýyş müdirliginiň lukmanlaryndan düzülen toparlar Gün şöhlesiniň täsiri hem-de möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler.

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.