IR-IÝMIŞLERIŇ SAGLYGA PEÝDALYLYGY
Armydyň düzüminde şeker (fruktoza, glýukoza, saharoza), А, В1, В2, Е, Р, РР, С witaminlere, karotin, foli, limon turşusyna, pektine we demir, marganes, ýod, kaliý, mis, kletçatka ýaly minerallara örän baýdyr. Abu Ali Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eserinde armydyň bedeni berkidiji, arassalaýjy häsiýete eýedigini şeýle-de iýmit siňdiriş agzalaryna peýdalylygy barada belläp geçýär.
Armydyň ysy näçe güýçli bolsa, şonça-da ýürege peýdasynyň ýokarlanýandygy barada hekim Muhammat Huseýin «Melhemler hazynasy» diýen işinde ýazýar. Armydyň ter, guradylan we şerbet görnüşleri beden berkidiji häsiýete eýedir. Bu miwäni içegeleriň bozulmalarynda, semizlikde we süýji keselinde iýmeklik örän peýdalydyr. Armyt miwesindäki efir ýagy we biologiki maddalar adam bedeniniň immun ulgamynyň ýokarlanmagyna, ýokanç kesellere şeýle-de sowuklama, depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär. Armydyň düzümindäki demir sagdyn gan öýjükleriniň emele gelmegine gatnaşýar. Armydyň miwesiniň etinde kaliý iýonlary köp mukdarda saklanýar, bu bolsa ýürek myşsalarynyň gowy işlemegi üçin möhümdir. Bedende kaliniň ýetmezçiligi nerw dartgynlygyna, ukusyzlyga, ýürek myşsalarynyň çalt urmagyna we ganda holesteriniň köpelmegine getirýär. Armydyň düzümindäki organiki turşular iýmit siňdirişi güýçlendirýär, bagryň we böwregiň işini, madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Armydyň düzümindäki organiki turşularyň mikroblara garşy göreşijilik häsiýeti hem bar. Armyt ylmy lukmançylykda beden dartgynlygynda, peşew ýollaryndaky sowuklamada, peşew çykaryjy ýollarynyň kesellerini bejermekde, böwrek kesellerinde ulanylýar.
Şetdaly iň datly miweleriň biri bolup, onuň düzüminde A, B, С ýokumlary, magniý, demir, kaliý, kalsiý we beýleki peýdaly maddalar bar. Şetdalynyň düzüminde köp mukdarda suw saklanýar. Şetdalyny terligine iýmeklik beden üçin has peýdalydyr. Şeýle-de şetdalydan şerbet, mürepbe we gaýnatmalar taýýarlanylýar. Şetdalyny ajöze iýmeklik iýmit siňdiriş ulgamynyň işini we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Şetdalynyň birnäçe görnüşi bolýar. Daşy tüýjümek we ýylmanak görnüşi has köp duş gelýär. Ýokumlara baý bolan tüýjümek şetdalyny ýuwmazdan ozal arassalamaly, soňra gowy ýuwup iýmeli. Şetdalynyň gabygyny artman iýmeklik maslahat berilýär, sebäbi birnäçe ýokumlar we peýdaly süýümler onuň gabygyna ýakyn bolýar.
Güneşli Diýarymyzda almanyň birnäçe görnüşi bitýär. Alma saglyga peýdaly, köp keseliň öňüni almaga we dürli sökellikleri bejermäge ýardam edýär. Almanyň düzümi adam bedeni üçin gerekli bolan С, P witaminlerine hem-de kaliý duzuna, demre örän baýdyr. Almany gan azlyk keselinde, esasanam, göwreli zenanlara, çaga emdirýän ýaş enelere köpräk iýmeklik maslahat berilýär. Düzümindäki kaliý duzy ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar. Alma iýlende onuň daşyny artmagyň zerurlygy ýok. Аlmanyň gabygynda pektin köp, bu bolsa içegäniň işleýşini kadalaşdyrýar. Almany dişläp iýseň, diş etini pugtalandyrýar. Günüň dowamynda almanyň çigidiniň 4 — 5 sanysyny iýseň bedeniň ýoda bolan gündelik talaby üpjün edilýär. Bedeniň С witaminine talabyny ödemek üçin günüň dowamynda 2 alma iýmeklik ýeterlik. Ol ganyň düzümindäki gemoglobiniň döreýiş, kemala geliş hadysalaryny tizleşdirýär.
Garaly bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyryp, ýürek-damar we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini sazlaýar. Garalynyň düzümi A, B1, B2, С, P witaminlerine we fosfor, magniý, demir, sink ýaly mikroelementlere baýdyr. Garalynyň düzüminde köp mukdarda kletçatka bar, bu bolsa aşgazan-içege ýollarynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Garaly böwrek, ýürek, bagyr kesellerinde peýdaly bolup, bedendäki alyş-çalyş işlerini kadalaşdyrýar. Garalyny ýygy-ýygydan iýmeklik peýdalydyr. Ir-iýmişleri bol wagtynda kabul edip, bedeniň witamine talabyny kanagatlandyryň. Miweleri kabul etmezden ozal gowy arassalap, akar suwuň aşagynda ýuwuň. Ir-iýmişler sowadyjyda saklanylanda çig iýmitlerden aýratyn saklanylmalydyr. Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň.
Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.