Peýdaly maslahatlar

UZAK WE SAGDYN ÝAŞAMAK

https://ussatnews.com/storage/posts/1755/original-1612b5e6a74a22.jpeg

Sagdyn bolmak üçin ýaşaýyş-durmuş endikleriňi düýpgöter üýtgetmek hökman däl. Hünärmenleriň ylmy barlaglara esaslanýan peýdaly maslahatlary siziň durmuşyňyzy gözelleşdirmekde we saglygyňyzy goramakda ähmiýetlidir. Sagdyn durmuşy ýörelge edinip, şu düzgünleri berjaý etseňiz, durmuşyňyzda ýüze çykjak üýtgeşmelerdir özgertmeler sizi diýseň begendirer.

Uludan dem alyň we 10-a çenli sanaň. Bu hereketler bedendäki ýadawlygy, argynlygy aýyrmaga kömek edip, beýnä dynç berýär.

Beden seniň özüňe we saglygyňa bolan garaýşyňy, aladaňy duýýar. Şoňa görä-de, adamyň hereketi, sözleri we pikirleri ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir.

Ýadaman dynç almak, ajykman naharlanmak, şatlanman gülmek saglygyň ilkinji duşmanlarydyr.

Wagt islendik ýagdaýda hem geçmegini dowam edýär. Şonuň üçin haýsydyr bir saz guralyny çalmagy, daşary ýurt dilinde gürlemegi öwrensek, täze hünäri ele alsak wagtymyzy peýdaly hem-de gyzykly geçirdigimiz bolar.

Ýatanyňyzda yşyklandyryjylary söndürip, otagyň garaňky bolmagyny gazanyň. Garward uniwersitetinde (ABŞ) geçirilen barlaglaryň netijesinden belli bolşy ýaly, emeli yşyklandyryjylar adam ukuda wagty bedene zyýan ýetirip bilýär.

Hereket ýaşaýyşdyr. Günüň dowamynda 30 minut arassa howada gezelenç etmek, ýöremek köp nogsanlyklaryň öňüni alýar.

Sagdyn iýmitlenmek saglygyň kepilidir. Käbir önümleriň zyýanly taraplarynyň bardygyna garamazdan, beden şol iýmiti talap edýän bolsa, az mukdarda kabul etmek bolar. Beden özüne gerekli iýmitleri bize duýduryp bilýär.

Öý haýwanlaryny saklaň! Olar adamyň dartgynlylygyny gowşatmaga, gan basyşyny sazlamaga, şeýle-de göwnüňi göterýän wepadar ýoldaş bolmaga ukyplydyr.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.