Ary balynyň peýdasy
Ary baly tebigy arassa önüm bolup, onuň düzümi witaminlere, fermentlere, mikroelementlere we beýleki peýdaly maddalara örän baýdyr.
Ary balynyň saglyga peýdaly täsiri düzümindäki organiki maddalara we haýsy ösümlikleriň gülünden ýygnalandygyna bagly bolýar. Ýokumly maddalar bolan efir ýagyny, karbonil birleşmelerini, spirt we dürli turşulyklary özünde jemleýän ary balynyň saklanyş düzgüni bozulanda, ol hilini we tagamyny ýitirip biler.
Ary baly biologik işjeň maddalaryň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Balda antioksidantlaryň, C, B witaminler toparynyň we mineral maddalaryň köp mukdary saklanýar. Ary balynyň mikroblara garşy işjeňligi onuň tebigy gelip çykyşyna bagly. Meselem, çopantelpek ýa-da ýandak gülüniň şirelerinden alnan ary baly, esasan, ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda peýdalydyr. Bidenek (şalfeý) gülünden alnan bal faringit, tonzilit we stomatit kesellerinde örän peýdalydyr.
Balyň düzümindäki organiki turşular aşgazan şiresiniň işläp çykarylmagynyň güýçlenmegine, işdäniň açylmagyna, şeýle-de iýmitiň gowy siňdirilmegine ýardam edýär. Bu melhemlik nygmat berhiz önümi hökmünde hem bellidir.
Ary baly ýeňil siňýär we bedeni dürli kesellerden soň dikeltmekde örän peýdalydyr. Ol agyr fiziki, akyl we ruhy ýadawlygy aýyrýar hem-de bedeniň umumy işjeňligini ýokarlandyrýar.
Gaýnan suwa garylan ary baly gyzgynlygyna nahardan 1,5 — 2 sagat öň ajöze içilende, aşgazan şiresiniň turşulygyny peseldýär, bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny güýçlendirýär we ýaglaryň harçlanyşyny tizleşdirýär. Onuň sowuk suw bilen garylyp taýýarlanan içgisi nahardan öň kabul edilende, aşgazan şiresiniň çykarylyşynyň ýokarlanmagyna kömek edýär. Limon bilen bally çaý dem alyş ýollarynda duş gelýän möwsümleýin keselleriň ilkinji alamatlarynyň öňüni almaklyga ýardam edýär. Bal çendanaşa köp ulanylanda semremeklige getirýär.
Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.