Peýdaly maslahatlar

Ýiti respirator keselinden goranmagyň usullary

https://ussatnews.com/storage/posts/1834/original-1613b6e92a517f.jpeg

Ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmakda arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek esasy şertdir. Her bir adam asgyranda, üsgürende agzyny elýaglyk bilen tutmaly, köpçülikleýin we jemgyýetçilik ýerlerde töweregiňizdäki adamlardan 2 metr howpsuz araçägi saklamaly, daşary çykylanda burnuňa oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini ulanmaly, otag mebellerini, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary durmuşda ulanylýan ýuwujy we zyýansyzlandyryjy serişdeleriň kömegi bilen wagtly-wagtynda arassalamaly, iş ýeriňdäki we öýde ýaşalýan otaglaryň howasyny täzeläp durmaly, üzärlik tütedip, otagyň içini howpsuz mikroklimat bilen üpjün etmeli.

Köpçülik ýerlerine, zerurlyk bolmasa, gitmekden saklanmalydyr. Ýiti respirator keseliniň (gyzgynyň ýokarlanmagy, üsgülewük, asgyrmak, burundan suwuklyk gelmegi) alamatlary bolan adamlardan ýakyn aragatnaşykdan gaça duruň. Ulanýan ähli tehniki enjamlaryňyzy (smartfon, kompýuter) zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap duruň.

Köpçülikleýin ýerlerden geleniňizden we ulagdan düşeniňizden soň, elleriňizi gowy edip sabynlap ýuwuň, suw bilen ýuwmaga mümkinçilik ýok ýerlerinde antibakterial çyglandyrylan el süpürgiçleri ýa-da dürli görnüşli zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalaň. Lukmançylyk agyz-burun örtügini talabalaýyk dakynyň. Agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmalydyr. Ulanylan agyz-burun örtügini ýörite niýetlenen zir-zibil oklanýan bedrelere taşlaň. Bedeniňizde dürli näsazlyklary duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň. Beden gyzgyny ýokarlansa, «Tiz kömek gullugyny» çagyryň.

Bedeniň kesele garşy goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitleniň, arassa howada gezelenç ediň, iş bilen dynç alşy sazlaşykly alyp baryň, 7-8 sagat rahat ukyňyzy alyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. Öňüni alyş sanjymlaryny lukmanyň görkezmesi esasynda alyň. Maşgala agzalarynyň biri ýaramasa, işe, mekdebe, çagalar bagyna ibermekden saklanyň, bu diňe bir keseliň ýaýramazlygyna täsir etmän, eýsem, gaýrüzülmeleriň öňüni almaklyga ýardam berer.

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.