Arassaçylyk saglygyň gözbaşydyr
Güýz paslynyň gelmegi bilen howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy netijesinde dürli ýokanç keselleriň duş gelmegi mümkin. Ýokanç keseller näsag adam asgyranda, üsgürende, gürleşende wiruslar howa ýaýrap, howa-damja ýollary bilen sagdyn adamlara kesel ýokuşyp bilýär. Ýiti respirator keselleri diňe howa-damja ýollary bilen ýokuşman, eýsem, galtaşma arkaly hem ýokuşyp biler, ýagny näsag adamyň ulanan hojalyk enjamlarynda, gapy tutawaçlarynda, şeýle-de öz ellerinde wirus ýokançlyklary galýar. Olary ellän adamlara wirusyň geçmek ähtimallygy ýokarlanýar.
Ýiti respirator wirusly keselleriň möwjeýän döwründe beden immunitetini pugtalandyrmagyň ähmiýeti uludyr. Ter we kakadylan miweler, täze sykylan şireler, ter gök otlardan taýýarlanan işdäaçarlar hem-de süýt önümleri beden immunitetini ýokarlandyrmak üçin örän peýdalydyr. Keseliň öňüni almak üçin kadaly, sagdyn iýmitlenmek, esasan hem, düzüminde C witamine baý önümleri iýmek peýdalydyr. С witamini adamlaryň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Limonly, bally çaý, burçly unaş içmegiň keseliň ilkinji alamatlaryndan gutulmaga haýry kän. Derman otlaryndan taýýarlanylan çaýlary içmek diňe bedeniň gyzgynyny aýyrman, eýsem, keseliň ilkinji alamatlaryny bejermekde, immun ulgamyny berkitmekde hem örän peýdalydyr. Çopantelpekden, narpyzdan, ýandakdan we buýan kökünden taýýarlanan melhemleri ulanmak maslahat berilýär.
Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek kesellerden goranmagyň iň ýönekeý, wajyp usulydyr. Elleriňi barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly, adamlar bilen howpsuz 2 metr araçägi saklamaly, agyz-burun örtügini talabalaýyk dakynmaly we her 2 sagatdan çalyşmaly. Adam asgyranda, üsgürende agzyny elýaglyk bilen tutmaly. Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärlik tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly.
Durmuşda arassaçylyk düzgünleriniň şertlerine biperwaý seredilende, adamyň saglyk ýagdaýynyň we işe ukyplylygynyň pese düşmegine getirýär. Gündeki durmuşda şahsy arassaçylyk düzgünleriniň talabynyň dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, ilki bilen, öz saglygyňa, soňra daş-töweregiňdäki adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmek netijesinde adam saglygyny berkidip, uzak ýaşamaklygyna şert döredýär.
Parahat KAKAJAÝEW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.