Peýdaly maslahatlar

Nesil terbiýesi — maşgalanyň baş galasy

https://ussatnews.com/storage/posts/1921/original-1614c183648f06.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalarynyň netijesinde halkymyzyň ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly özara ynsanperwer gatnaşyklary, dost-doganlygy pugtalandyrmak baradaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Biziň türkmen halkymyz öz ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen şu günki ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär.

Pederlerimiz nesil terbiýesini örän inçeden yzarlapdyrlar. Çaganyň her ýaşyna görä terbiýe sapaklary bolupdyr. Çaga dogry terbiýe bermek durmuşy giňden bilmegi, ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Adamda ýaramaz endikleriň bolmagy köplenç, çagalykda alan ýalňyş terbiýesiniň netijesi bolup durýar. Süňňi sagat, lebzi halal, edep-ekramly, hoş gylyk-häsiýetli, gözel ahlakly nesli ýetişdirmek her birimiz üçin parz işdir. «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz» diýlişi ýaly, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr.

Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlikdir. Maşgalada agzybirlik höküm sürýän bolsa, özara ylalaşyk bar bolsa, birek-birege sarpa, hormat goýulsa, kiçiler söýülse, çaga edep-terbiýeli bolup ýetişýär. Ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydyrlar. Çagany erbet gylyk-häsiýetlerden goramak üçin terbiýäni zähmet bilen utgaşykly alyp barmak zerurdyr. Çaga öýde öz ýaşyna görä güýjüniň ýetjek işlerini ýerine ýetirmegi tabşyrmaly we bitiren işleri üçin oňa ruhlandyryjy sözleri aýtmaly. Eden işiniň kemterräk gaýdýan ýerlerini mylakatlylyk bilen düşündirmeli. Halk paýhasynda «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini» diýip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde enäniň hyzmaty uludyr. Ynsanyň zemindäki seždegähi – ene. Ene – Käbe. Ene – dünýä. Ene – ýaşaýyş gözelligi. Eneleriň nurana keşbi ynsanyň kalbyny ýyladýar. Eneler bizi geljege ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Şonuň üçin halkymyz maşgala ojagynyň geljekki eýeleri boljak gyz çaganyň terbiýesine uly üns berýär. Maşgalada perzent terbiýesi, edep-görelde görkezmek, öý-ojagyň agzybirligini saklamak aýal maşgalanyň gerdenine düşýär. Şonuň üçin hem türkmen aga asyrlarboýy öz gelin-gyzlaryny boýdan-başa altyn-kümşe bezäp, gymmatdan-gymmat halat-serpaý ýapyp, öýüniň arzymany hasaplapdyrlar. Oňat terbiýe berlen, çeper elli, dili şeker, öý-hojalyk işlerine gaýym bolup ýetişen gyzy bolsa, her kim gelin edinip, mukaddes maşgala ojagynyň törüne geçirmegiň arzuwynda bolýar. Kişi maşgalasy bolmaly gyzyň edenli, her bir işe ykjam bolmagy üçin hem ýedi enäniň her biriniň terbiýesinde, edep-ekramynda, el-hünärliliginde görelde görkezjek goşantlary bolmalydyr. Türkmençilikde ýedi ene diýlende How ene, bibi ene, süňk ene, göbegene, eneke, ýeňňe-gelneje, gaýynene göz öňüne tutulýar.

How ene – ähli eneleriň enesi. Gyz maşgala gyzlyk sypatyny, hüý-häsiýetini, ruhuny berýän ene. Eneleriň enesinden peşgeş berlip, ganyna gatanç edilen bu ajaýyp häsiýetler gyz maşgalalarda barha berkäp, olaryň bezegine, ýüzüniň tuwagyna öwrülmelidir.

Bibi ene – gyzyň kakasynyň ejesi, enesi. Ol agtygyna çaga göwrede galandan tä bagty açylýança bibi bolup gezmegi, çünki süňňüni dogluşy deýin abat hem päkize saklamagy berk sargaýar, gursagyna guýýar.

Süňk ene – gyzyň ejesi. Ol ony dünýä inderýär, kemala getirýär, ömürboýy abraýly bolmagyny isleýär.

Göbegene – çaga doglanda ilki garşy alýan, göbegini kesip, ýerden göterýän ene. Ol iki jany bir-birinden aýyrýar, ýaşaýşa ýol açýar.

Eneke – hakyna tutma ene, terbiýeçi. Dürli sebäplere görä, ejesiniň çagasyna esewan bolmaga, terbiýelemäge mümkinçiligi bolmadyk halatynda enekäniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Ol çaga terbiýe berýär, edep-ekram öwredýär, sabyr-takatlylygy, akyl-paýhaslylygy ündeýär.

Ýeňňe - gelneje – gyzyň agasynyň aýaly. Ol gyz maşgala üçin ýakyn syrdaş bolýar. Ýeňňesi baldyzy bilen syr alşyp, syr berişýär. Gyz syryny saklamak – asylly terbiýeden nyşan. Maşgalada ýeňňe gyzyň iň ýakyn hemaýatçysydyr.

Gaýynene – Gelniň ýanýoldaşynyň ejesi. Ol gelniň mährem hossaryna öwrülýär. Gaýynene gelnine agzybir maşgala gurmakda iň ýakyn hemaýatçy, öwüt-goldaw berýän beýemçi bolýar.

Ýedi enäniň pähim-paýhasyny, terbiýesini süňňüne siňdirip, durmuşa gadam basýan gyzyň bagtyýar öýüň-ojagyň bikesi bolýandygyna durmuşyň mizan terezisi bolan wagt görkeze-görkeze gelýär. Goý, biziň goç ýigitlerimize ýedi enäniň ýelpän gyzlary ýar bolsun. Çagalar şular ýaly mukaddes, göreldeli maşgala ojagynda, mähirli aladalaryň saýasynda ösüp-ulalsalar, geljekde bagtly hem hakyky watançy, il-günüň guwanjy bolup ýetişerler. Çagalaryň bagtly durmuşy – olaryň ýaşaýan ýurdunyň abadançylygydyr hem berkararlygydyr. Bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Seýran BEKMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.