Sagdyn ýürek — bagtly ýaşaýyş
Ýürek ynsan bedeniniň iň wajyp agzasy bolup durýar. Ol adam duýgulary bilen berk baglanyşyklydyr, ýagny ol ynsanyň begenjini, gynanjyny, umuman, emosional ýagdaýyny duýmaga ukyply.
Ýüregiň bedendäki hyzmaty we onuň aýratynlyklary örän uludyr. Dogrusy, bu wajyp beden agzasynyň işi «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýäni. Ýürek 5 minudyň dowamynda özünden 5 litr gany akdyrýar. Ol sagatda ortaça 4 müň 200 gezek urýar we 300 litr gany öz üstünden geçirýär. Ýürekde elmydama bedeniň umumy gan mukdarynyň 5 göterimi saklanýar.
Ýüregiň sagdyn, berk bolmagy ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen baglanyşyklydyr. Onuň üçin iň ýaramaz faktor az hereketlilik we ekologiýanyň hapa bolmagydyr. Günüň dowamynda 30 minut beden maşklary, sport bilen meşgullanmak ýürek-damar keselleriniň döremeginiň 80 göterim öňüni alýar. Ýürek aşa duzly, ýagly we köp mukdardaky süýji önümleri halamaýar.
Ýüregiň saglygyny goramak we berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Ýöremek beden maşklarynyň ýürek üçin iň peýdaly görnüşiniň biridir. Ol gan damarlaryny ýaşardýar, gan aýlanyşyny sazlaýar, ýürek myşsasynyň ukyplylygyny artdyrýar. Sport bilen meşgullanmagy ylgamakdan başlamak maslahat berilmeýär. Bu köpden bäri fiziki hereketlerden üzňe adamlara aýratyn degişlidir. Her günde 10 müň ädim ýöremek häzirki zaman adamy üçin kada öwrülmelidir.
Özüňizi bir wagtda ençeme aladalar bilen gurşanyňyzda nähili hadysalar bolup geçýär? Elbetde, şeýle ýagdaýlarda ünssüzlik, aljyraňňylyk, tiz ýadamak, surnukmak ýaly ýagdaýlar ýüze çykyp, beden üçin artykmaç agram döreýär. Şu mysaldan görnüşi ýaly, biziň kabul edýän iýmitimiz bedene, aýratyn hem ýürege artykmaç agram salmaly däldir. Ol peýdaly we sagdyn iýmit bolmalydyr. Ýürek üçin, ilki bilen, kaliý, magniý, omega kislotalary we antioksidantlara baý iýmitler peýdalydyr. Balyk, ösümlik ýagy, käşir, maňyzlaryň dürli görnüşleri (duzsuz), alma, banan, nar, sarymsak, däneli önümleriň aglabasy, pomidor, gury ir-iýmişler ýüregimiziň saglygyny goramakda esasy iýmit çeşmeleridir.
Taýýarlan Serdar ATAÝEW,
Ussatnew.com.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.