Seriň sag bolsun!
Beýni bedeniň dolandyryjy merkezi bolup durýar. Her bir hereket, pikir, arzuw-umytlar we duýgular ilki beýnide döräp, şol tarapyndan hem dolandyrylýar. Häzirki wagtda beýnini öwrenýän neýrobiologiýa iň meşhur ylymlaryň birine öwrüldi. Alymlaryň yzygiderli gözlegleri esasynda beýniniň aýratynlyklary barada täsin açyşlar edildi. Hünärmenler ynsan beýnisiniň ummasyz güýje, intellektual başarnyga eýedigini belleýärler. Häzirki ylmy-tehniki taýdan ösen döwrümiz hem muňa şaýatlyk edýär.
Ynsan beýnisinde 100 milliarda golaý neýron bar, mysal hökmünde getirsek, meduzanyň beýnisinde 800 neýron bar. Beýnä agyrynyň nämedigi belli däl, sebäbi onda nerw uçlary ýok. Eger beýnimize bir jisim galtaşsa, biz ony duýmarys. Kellagyryda, aslynda beýni däl-de, ony gurşap alýan dokumalar we gan damarlary agyrýar. Beýnide maglumat sagatda 440 km tizlik bilen hereket edýär. Beýni hemişe işleýär, ol gije has-da işjeň ýagdaýa eýe bolýar. Beýnide elektron enjamlarynyňky ýaly ýadyň belli möçberi ýokdur, ol tükeniksiz maglumatlary kabul edip, özleşdirip bilýär. Beýnide gysga we uzak ýat bolýar. Gysga ýatda maglumatlar, şekiller, görnüşler 25 — 30 sekuntlyk saklanýar. Şol arada biz başga zada üns bersek, biraz öňki zatlar ýadymyza düşmän biler. Beýni bedeniň iň güýçli myşsasy bolup, onuň işlemegi üçin, esasan, kislorod we glýukoza gerek. Ýaglar ýürek üçin zyýanlydyr, ýöne ol beýniniň doly derejede işlemegi üçin möhüm elementleriň biridir. Onda peýdaly ýaglaryň 60 göterimi saklanýar. Adatdan daşary ýagdaýlarda ynsan beýnisi 100 göterim derejede işlemäge ukyply, onuň netijesinde täze başarnyklar peýda bolup bilýär. Beýniniň işjeň ösýän döwri 2 ýaşdan 11 ýaş aralygy hasaplanylýar.
Biz ynsanyň sagdyn ýaşaýşy üçin, ilki bilen, howanyň arassa, iýmitiň sagdyn, ukynyň, dynç alşyň ýeterlik bolmalydygyny bilýäris. Bu möhüm faktorlardyr. Şolaryň bozulmagy beýni bilen baglanyşykly intellektual ukyplaryň peselmegine, ýadyň bozulmagyna, gaharjaňlyga, aşa täsirlilige, bedeniň umumy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup bilýär. Adamlar, daşky gurşaw, jemgyýet bilen aragatnaşyk beýni üçin möhümdir. Gyzykly gürrüňler, gezelençler, täze maglumatlar beýniniň ösmegine we işjeňligine oňaýly täsir edýär. Elektron enjamlary beýnini ýadatman, talabalaýyk ulanmaly. Elmydama kislorodyň ýeterlik bolmagyny gazanmaly.
Taýýarlan Serdar ATAÝEW,
Ussatnews.com.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.