Kädi
Kädi köp iýmit maddalarynyň çeşmesidir. Bu mämişi gök önüm baý witaminleri, beloklary, süýüm we mikroelementleri keselleriň öňüni almak üçin zerurdyr. Kädi E, A, C, D we B witaminlerine, şeýle hem magniý, kaliý, demir, kalsiý we süýüme baýdyr.
Süýji keseli, öt, aşgazan kesellerini bejermekde köpden bäri ulanylýar. Çig kädiniň peýdalary aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde we ýokary kislotalylygy bilen subut edildi. Şeýle hem bu gök önüm inçekesel bilen kesellänleriň, iç gatamagy, süýji keseli ýaly kesellerden ejir çekýänleriň ýagdaýyny gowulaşdyrýar.
Kädi böwrekleriň we ýüregiň işleýşini gowulandyrýan, göwreli aýallar üçin peýdaly, kosmetologiýada ulanylýan we immuniteti ýokarlandyrýan we güýçli diuretikdir.
Batyr BABALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.