Peýdaly maslahatlar

BEGLER AŞY UNAŞDYR

https://ussatnews.com/storage/posts/2152/original-1617aed2f558b2.jpeg

Türkmen halkynyň baý medeni-mirasy, gadymy däp-dessurlary bar. Olaryň hatarynda milli tagamalarymyz aýratyn orny eýeleýär. Mähriban ene-mamalarymyzyň mähir siňdirip taýýarlaýan milli tagamlary diňe bir tagamlylygy bilen däl, eýsem dermanlyk häsiýetleri bilen hem tapawutlanýar. Milli tagamlarymyzyň naýbaşylarynyň biri-de unaşdyr. Halk arasynda unaşa «begleriň aşy» hem diýilýär.

Sowuk, çigrek howalarda unaş desterhanlarymyzyň aýratyn bezegine öwrülýär. Içine gyzyl burç atylan gyzgynjak unaşy içseň dert golaýlaşmaz. Mährem enelerimiziň taýýarlaýan unaşynyň lezzeti-de, tagamy-da üýtgeşik bolýar. Bedenimizde çala nähoşluk duýsak, deň şekilde kesilip, içine burç, noýba atylan, süzme çaly garylan unaşdan içeris welin bimaza edýän nähoşluklyklardan nam-nyşan galmaz. Şonuň üçin müň derdiň dermany hasaplanýan melhem unaş her bir türkmen maşgalasynda eý görülýär.

Türkmen edebiýaty özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar, onda unaşyň waspy hem şahyrana beýanyny tapypdyr.

Atylmaly zatlarynyň kem etmän hiç birisin,

Burç, noýba, gatygy-birikdirseň hemmesin,

Gaçyrarsyň golaýlaşan dert-belalaň barysyn,

Tenekär burçluja, unaş içseňiz.

ýa-da

Içiň burçly unaşy,

Türkmeniň milli aşy,

Uzalar ynsan ýaşy,

Saglygym — baş baýlygym.

Häzirki wagtda howanyň sowamagy bilen möwsümleýin kesellerden goranmak, olaryň öňüni almak üçin derlediji, ýokumly suwuklyklary köpräk içmek maslahat berilýär. Narpyzly, itburunly, ary bally we limonly çaý, çorbalar, unaş şeýle ýagdaýlarda ilkinji bolup kömege ýetişýärler.

Türkmen unaşy sowuklamadan, dümewden gutulmagyň tiz emidir. Unaşyň sowuklama garşy şypasy barada şeýle gürrüň bar. Günlerde bir gün Lukmanyň ogly gazyçylaryň günorta nahar wagtynda, ýapdan çykaran öl gumlaryny ýassanyp, çaý-nahar edinip oturanlaryny görüpdir. Ol bu ýagdaýy kakasyna aýdypdyr:

— Ol obanyň gazyçylary şu sowukda öl gumuň üstünde çaý içip otyrlar. Ynha, görersiň, ertiriň özünde olaryň ählisi saňa ýüz tutar.

Onda Lukman:

— Hany, sen şol oba agşamara-da aýlanyp gaýt. Şonda näme görseň, gelip maňa aýt! — diýýär. Agşamara oba aýlanyp gelen oglan kakasyna habar berýär:

— Men ol oba hatar-hatar aýlandym welin, hälki gazyçylaryň öýlerinde kimsiniň ejesi, kimsiniň aýaly unaş bişirip oturan eken. Lukman ogluny diňläpdir-de:

— Beýle bolsa, arkaýyn bol, olaryň hiç biri hem näsaglamaz — diýipdir.

Halk arasynda «Azajyk agyryny aş basar» diýen aýtgy hem bar. Geliň, howanyň sowuk wagtlarynda saglyk ýagdaýymyza hüşgär bolup, näsaglyklardan özümizi goralyň. Unaş siziň ýakyn kömekçiňiz bolsun!

Aýjemal SATLYKOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.