Ýumurtgany haýsy görnüşde iýmek has peýdaly?
«Express» neşiri Angliýanyň Milli saglyk gullugynyň alymlarynyň ýumurtganyň haýsy görnüşde saglyk üçin has peýdalydygyny gürrüň berýän materiallaryny paýlaşdy. Bu barada «msn.com» habar berdi.
Çap edilen maglumatlara görä, ýumurtganyň peýdasy gönüden-göni onuň bişirilişi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelik bilen, ýumurtgany bişirmegiň iň dogry usuly gaýnatmakdyr, sebäbi bu usul onuň ähli peýdaly aýratynlyklaryny saklap galmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde hünärmenler ýumurtgany duzlanmadyk suwda gaýnatmagy maslahat berýärler.
Ýumurtgany bişirmegiň ýene bir peýdaly usuly — heýgenek. Kiçeňräk bir bellik: heýgenegi az ýagly süýtde bişirmek has dogry bolar.
Leýli NAZARALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.