Peýdaly maslahatlar

Ýiti sowuklamadan goranmagyň ýönekeý usuly

https://ussatnews.com/storage/posts/2194/original-1618574650f980.jpeg

Diş arassalanylýan serişdeleriň sowuklama keselleriniň, şol sanda ýiti we agyr görnüşli öýken sowuklama syrkawlamalarynyň öňüni alýandygy mälim edildi. Müsüriň Kair uniwersitetiniň alymlary öz barlaglarynyň esasynda şeýle netijä geldiler. Bu barada «ZOŽ.News» habar berýär.

Bilermenleriň barlaglarynda beýan etmegine görä, dişleri we diş eti şikesli adamlaryň agyz boşlugynda kesel dörediji ownuk bedenleriň, şeýle-de wiruslaryň saklanmak, köpelmek ähtimallygy ýokary bolýar. Adamyň dişleri we agyz boşlugynyň beýleki agzalary sagdyn bolanda, ýokanç kesel bilen syrkawlamak ýagdaýy üzül-kesil kemelýär. Onuň üçin wagtly-wagtynda dişleriň ýörite niýetlenilen agyz çaýkalýan suwuklyklar, diş pastalary, sapaklary bilen yzygider arassalanyp durulmagy zerurdyr.

Kair uniwersitetiniň alymy Ahmet Mustafanyň bellemegine görä, dişleriň, umuman, agyz boşlugynyň arassa saklanylmagy, sagdynlygynyň gazanylmagy adamy ýürek kesellerinden we immunitetiň (kesele garşy göreşijilik ukybynyň) peselmeginden hem goraýar. Bilermen ýiti öýken sowuklamasy bilen näsaglyk tapylaýan ýagdaýynda ýokarda agzalan arassaçylyk şertlerini has-da pugta berjaý etmelidigini sözüniň üstüne goşýar.

Taýýarlan Kyýas MYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.