Hytaýly lukmanlaryň barlaglaryndan
Hytaýly lukmanlaryň aýtmagyna görä, saglyk aýakdan başlanýar. Hereket etmäge beden agzalarynyň köp bölegi gatnaşýan hem bolsa, olaryň aýaga taý gelýäni ýok.
Olaryň pikiriçe, umumy hereket, mysal üçin, pyýada ýöremek bu, elbetde, möhümdir. Ýöne aýaklaryň sagdynlygynyň ýokary derejede bolmagyny gazanmak üçin öý şertlerinde, köplenç, tomsuna deňziň kenarynda aýakýalaňaç ýöremek, gezelenç etmek aýaklaryň saglygyny pugtalandyrýar. Mälim bolşy ýaly, dabanyň aşagynda nerwleriň örän köpüsi ýerleşýär. Aýakýalaňaç gezim edilende, şol ownuk nerwlere gyzgyn çäge, meýdanyň tebigy topury we beýleki ýer-toprak jynslary özboluşly tebigy owkalama hökmünde täsir edýär. Bu hem gan damarlaryna, kapillýarlara ganyň ýeterlik barmagyny üpjün edýär. Galyberse-de, aýakýalaň hereket aýak, şol sanda umumy beden üçin özboluşly türgenleşikdir. Hytaýly tebipleriň pikiriçe, aýaklaryň gowşamagy, näsaglyk tapmagy uzaga çekmän, bedeniň beýleki agzalaryna täsirini ýetirip başlaýar. Şeýlelikde, dürli keselleriň başlanmagy ýa-da güýjemegi bolup biljek zat diýip, olar köpýyllyk halk lukmançylyk tejribesine salgylanýarlar. Emma hereketiň artmagy, aýaklaryň saglygynyň berkemegi, bedeni ýene-de öňki kaddyna getirýär. Hut aýaklarymyzyň güýji bilen biz ýürek gan-damar, süýji, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinden saplanyp bilýäris. Aýaklaryň güýji dem alyş ýollarynyň näsaglyklaryny dikeltmekde hem möhümdir.
Taýýarlan Bilbil ALLAKULIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.