Peýdaly maslahatlar

Soganyň saglyga peýdasy barada

https://ussatnews.com/storage/posts/2199/original-16186cad6ef79e.jpeg

Soganyň saglyga täsiri barada Gündogaryň beýik alymy Ibn Sina «Tebipçilik ylmynyň kanuny» diýen eserinde oňa bütin bir bölümi bagyş edipdir. Häzirki zaman lukmançylyk ylmynda hem soganyň peýdasy barada örän köp barlaglar geçirilýär. Bu barada «Puls.mail.ru» habar berýär.

Soganyň düzüminde bedene peýdaly täsirini ýetirýän fitohimiki elementler örän köpdür. Onuň düzümindäki birleşmeler, hususan-da, C witamini ýürek gan-damar ulgamyny, flawonoidler gan basyşyny kadalaşdyrmaga ýaramlydyr. Laboratoriýa barlaglarynda bolsa sogandaky birnäçe maddalaryň bedende ýag ýygnanma hadysasynyň öňüni alýandygy anyklanyldy.

Soganyň saglyga ýene-de bir peýdaly tarapy ýatkeşligi gowulandyrýanlygyndadyr. Oňa iýmit siňdiriş ulgamyndaky peýdaly ownuk bedenleriň ösüşine amatly täsirini ýetirýän inuliniň haýry köpdür. Adamda kähalatlarda sogan bilen bagly allergiýa alamatlarynyň ýüze çykmagy onuň iýmit hökmünde ulanylmagyndan däldir. Seýrek ýüze çykýan allergiýa alamatlary, köplenç, soganyň arassalanylmagy, dogralmagy bilen baglydyr. Sogan iýlende agyz boşlugyndan gelýän ysy aýyrmak üçin az-owlak petruşka gök otuny iýmek maslahat berilýär. Sogany çyg çekmeýän gurak, gowy şemal çalýan ýerde saklamalydyr.

Taýýarlan Yhlas GULGELDIÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.