Ýumurtganyň peýdasy barada
ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis uniwersitetiniň alymlary ýumurtganyň ynsan saglygyna peýdaly täsiriniň uludygyny öz barlaglarynda belleýärler.
Ýumurtga dünýäde iýmit hökmünde iň köp peýdalanylýan önümleriň biridir. Onuň düzümi mikroelementlere, witaminlere, beloga, ýaglara, fosfor, kalsiý ýaly maddalara örän baýdyr. Mälim bolşy ýaly, ýumurtga ýeňil siňýän belogyň çeşmesidir. Bu bolsa dogry we yzygider türgenleşilende bedeniň myşsalarynyň ösüşine ýardam edýär. Onuň güýçli kaloriýaly iýmit hasaplanmaýandygy üçin horlanmaga hem haýrynyň degýändigini bellemelidir. Adamy uzak wagt dok saklaýandygy bu iýmitiň artykmaçlygydyr.
Ýumurtgada 5 sany witamin toplumy, minerallaryň ýedisi, 6 gram belok bar. Kaloriýalylygy 76-a deňdir. Uglewodlar bolsa ýok diýen ýalydyr. Düzümindäki antioksidantlaryň täsiri netijesinde ýumurtga gözüň görejine peýdalydyr.
Taýýarlan Kerim SÖÝÜNOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.