Peýdaly maslahatlar

Pisse saglyga peýdalymy?

https://ussatnews.com/storage/posts/2220/original-1618b664422931.jpeg

Pisse maňzy antioksidant, antibakterial, antiwirus, sowuklama, çişlere garşy, agyry azaldyjy we antidiabetik häsiýetlere eýedir. Biziň ýurdumyzda pissäniň iki görnüşine duş gelmek bolýar. Bathyz pissesi we adaty pisse. Soňky dört ýylda türkmen hünärmenleri pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-amaly işleri yzygiderli alyp barýarlar.

Güýz we gyş aýlarynda her bir adamyň bedeni kesele garşy durnuklylygy berkitmäge mätäçdir. Howanyň üýtgemegi, sowuk howanyň täsiri we ýokanç keselleriň ýaýramagy saglyga ýaramaz täsirni ýetirýär. Sazlaşykly iýmit bilen güýzde sowuklama howpuny peseldip we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny berkidip bolýar.

Gyş paslynda adam bedenine kalsiý we beloga baý bolan süýt, gatyk, peýnir, ýumurtga, et, towuk eti we balyk, bedene ýaramly önümler bolup durýar. Hoz, badam we pisse ýaly önümler hem köp keselleriň öňüni almakda peýdalydyr. Pisse barada aýratyn durup geçsek, pisse gadym döwürlerden bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Gadymy döwürlerde pisse bilen üsgülewük, ýürek bulanma, gaýtarma, içege agyrylary we bagyr keselleri ýaly keseller hem bejerilipdir. Häzirki zaman lukmançylygynda pisse hozy ysgynsyzlykda, döş kesellerinde we ganazlykda giňden ulanylýar.

Ýokary kaloriýaly pissäniň ýagjymak maňzynda magniý, sink, kaliý, marganes, mis, fosfor, şeýle hem B topar witaminleri ýa-da belogy siňdirmäge we ýaglary gidermäge mümkinçilik berýän, ýagny alyş-çalyşda esasy madda – biotin bar. Pissäniň düzüminde seleniň köp bolmagy bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, eger-de bedene agyr metallaryň duzy täsir edýän bolsa, şol element zäherlenmäniň öňüni alýar.

Şirin MURADOWA,

S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 213-nji toparynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.