Tüwiň peýdasy
Adam ömri üçin uly peýdalary bar diýlip bilinýän tüwi çalt we gyssagly energiýa berýär, içegäniň hereketlerini kadalaşdyrýar we gowulaşdyrýar, gandaky şeker derejesini deňleşdirýär we garramagy haýalladýar.
Tüwide uglewodlaryň mukdary köp bolansoň, bedene energiýa berýär we beýniniň kadaly işlemegine kömek edýär. Alsgeýmerden goraýar. Goňur tüwi ýaly, däneli tüwi hem köp sanly rak keselinden gorap bilýän eremedik süýüme baýdyr. Köp alymlar we gözlegçiler, şeýle eräp bilmeýän süýüm bedeni düwnük öýjükleriniň ösüşinden we metastazyndan goramak üçin möhümdir diýip hasaplaýarlar.
Tüwi, kolorektal we içegäniň düwnük keselinden goramakda has peýdalydyr. Şeýle-de bolsa, tüwide süýümden başga-da C witamini, A witamini, fenolik we flawonoid birleşmeleri bar, olar tebigy antioksidantlar ýa-da bedeni erkin radikallardan gaçyrýan hereketlendiriji hökmünde hem hereket edýär. Erkin radikallar öýjük alyş-çalşynyň önümleri bolup, organ ulgamlaryna agyr zeper ýetirip, sagdyn öýjükleriň düwnük keseline sebäp bolup biler. Antioksidant derejesini ýokarlandyrmak, tüwi köp iýmek arkaly gazanylyp bilner.
Döwletgeldi ÇARWAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.