Peýdaly maslahatlar

On günde saglygy berkidip bilýän şugundyr suwy

https://ussatnews.com/storage/posts/2324/original-16199aed352663.jpeg

Şugundyr suwy ýürek-damar ulgamynyň we beýniniň işine oňyn täsir edip biler. Bu barada Angliýadaky Exeter uniwersitetiniň alymlaryna salgylanyp, nation-news.ru habar berdi.

Şugundyr suwunyň ýürek-damar ulgamyna we beýniniň işine täsiri käbir himiki maddalaryň beden tarapyndan gaýtadan işlenmegi bilen bagly bolup durýar. Barlagçylar muny subut etmek üçin degişli synag geçirdiler. Synag 70 ýaşdan 80 ýaş aralygyndaky 26 adamyň gatnaşmagynda on gün dowam etdi.

Özboluşly synaga gatnaşanlar günde iki wagtyna peýdaly nitratlara we witaminlere baý bolan şugundyr suwuny içdiler. Içgi bedende peýdaly bakteriýalaryň derejesini ep-esli ýokarlandyrdy we çişmä sebäp bolýan mikroorganizmleriň sanyny azaltdy.

Barlagyň netijesi, içginiň bary-ýogy on günde agyz boşlugynyň we içegeleriň mikrobiomasyny ep-esli derejede üýtgedip biljekdigini görkezdi. Barlagyň netijelerini işiň baş awtory Anni Wanhatalo yglan etdi diýip, çeşme belledi.

Daýanç MYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.