Peýdaly maslahatlar

Beden maşklarynyň ähmiýeti

https://ussatnews.com/storage/posts/2365/original-161a13a6251c40.jpeg

Beden maşklarynyň iň peýdaly görnüşlerinden biri irdenki türgenleşiklerdir. Ukudan oýanyp, beden ähli funksiýalary ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýär, irdenki türgenleşik bolsa bu prosesi has hem çaltlandyryp, bedeniň fiziki ýagdaýyny gowulandyrýar. Ir säheriň howasy jana derman hasaplanýar, şonuň üçin irdenki maşklar hem saglygyňy goramakda we dikeltmekde örän wajypdyr.

Yzygiderli häsiýete eýe bolan irdenki türgenleşikler ýüregiň myşsalaryny berkidýär, gan damarlarynyň ýagdaýyny kadalaşdyrýar, ünslüligi, ýatkeşligi ösdürýär, bedeniň hereket ulgamyny tizleşdirýär, beýniniň işleýşini kämilleşdirýär we ş.m. Irdenki maşk toplumy nämelerden ybarat. Ol özünde arkany we boýny çekmek, ýoganyň ýönekeý tärlerini ýerine ýetirmek, bogunlary gyzdyrmak we herekete getirmek ýaly maşklardan ybarat. Irdenki maşkyň esasy wezipesi beýnini oýandyrmak bolup durýar. Munuň üçin bolsa 15 minutlyk türgenşelik ýeterlik bolýar, sebäbi günüň ilkinji türgenleşigi agyr we uzak wagtlyk bolmaly däldir.

Häzirki wagtda dünýäde ilatyň aglaba bölegi oturyp ýa-da aýak üstünde zähmet çekýär. Elbetde, bu ýagdaý saglyga, beden gurluşyna belli bir derejede ýaramaz täsir edip bilýär. Şonuň üçin irdenki maşklar her bir ynsanyň durmuşynda uly orny eýelemelidir, ýagny, yzygiderli türgenleşikler bedenimizi sagdyn, ruhubelent ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Saglyk bilen bagly meseleler günüň agramly bölegini oturyp işleýän, az hereketli durmuş sürýän adamlarda ýygy ýüze çykýar. Olardan semizlik, bogun we kelle agyrylary, gan basyşynyň ýokarlanmagy has köp ýaýrandyr. Elbetde, bu nähoşluklar öz ýany bilen has düýpli fiziki näsazlyklary getirip bilýär. Şonuň üçin lukmanlar, tälimçi hünärmenler iş wagtynyň arasynda bedene dynç bermegi, gimnastika, ýönekeý maşklar bilen meşgullanmagy maslahat berýärler. Her 1.5-2 sagatdan şeýle maşklary gaýtalamak saglygymyzy gorap saklamakda örän wajypdyr.

Häzirki döwürde onlaýn türgenleşikler uly meşhurlyga eýe boldy. Fitnes tälimçileri, lukmanlar ýörite web sahypalary ýa-da belli köpçülikleýin ulgamlarda kanallary açyp, sagdyn durmuş ýörelgesi, türgenleşikler barada gyzykly audio we wideo maglumatlary göni ýaýlymda paýlaşýarlar. Bu bolsa iň gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyzy goramakda örän ähmiýetlidir.

Güljemal BAZAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.