Hünärmenler ertirlik naharynda nämeleri iýmelidigini aýtdylar
Adamlaryň köpüsi sagdyn iýmitlenmegiň ýollaryny ähli tarapdan öwrenýärler, ýöne gaty ýönekeý soraglara gezek gelende welin aljyraýarlar diýip, cursorinfo.co.il ýazýar.
Adatça, biz ertirlik naharyna kän bir ähmiýet berip barmaýarys, ony gaty bir möhüm hasaplamaýarys we artykmaç semremezlik üçin ertirligi iýmesek hem bolar diýip pikir edýäris. Hünärmenler beýle pikir etmegiň ýalňyşdygyny aýdýarlar.
Ertirlik naharynda esasy zat - ýokumly maddalaryň deňagramlylygy we işjeňlik üçin ýeterlik mukdardaky kaloriýa. Iýmit siňdirişe netijeli täsir etmek üçin ertirlik naharynyň düzüminde iň bolmanda az mukdarda belok we ýag, şeýle hem çylşyrymly uglewodlar we köp süýüm (kletçatka) bolmaly.
Şeýlelik bilen, ertirlik naharynyň esasy bölegi krahmal (ösümlik iýmitlerinden) ýa-da glikogen (haýwanat krahmaly) görnüşindäki çylşyrymly uglewodlardyr. Mysal üçin, süýde ýa-da suwa bişirilen süle ýa-da greçiha şülesi, bugdaý kepegi, goşundysyz tebigy mýusli bolup biler.
Ertirligiň esasy bölegine belok komponenti görnüşinde goşmaçalar - ýumurtga, gaýnadylan towuk ýa-da buglanyp bişirilen kotlet goşulsa gowy bolar. Et önümlerine derek süýt önümlerini ulanyp bilersiňiz.
Ertirlik naharynda ýaglar hem peýdaly, aýratyn-da ösümlik ýagy ýa-da ýokary hilli ýag bolsa. Şeýle hem işdäaçar ýa-da dogralan görnüşde köp miwe ýa-da gök önümler ertirlik üçin hökmanydyr.
Şatlyk Batyrow,
TDBGI-niň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.