Jöweniň unundan bişirilen çörek köp dertleriň dermany hasaplanylýar
Ata-babalarymyz jöweni gadym döwürlerden bäri ekipdirler hem-de ony iýmit maksatly ulanypdyrlar. Onuň unundan bişirilen çörege ene-mamalarymyz «zagara» diýip at beripdirler. Zagara çöregi, edil çowdary ýaly, melhemlik häsiýete eýe bolmak bilen, köp dertleriň dermany hasaplanylýar. Ol süýji keselli adamlar üçin iň gowy berhizlik iýmitdir. Gan basyşy ýokary adamlar hem zagara çöreginden haýyr tapýarlar. Jöweniň melhemlik häsiýetiniň ýokarylygy üçin ondan dürli tagamlary taýýarlapdyrlar.
Jöwen ösümliginiň düzüminde biologik işjeň maddalar: beloklar, ýag, uglewodlar, kletçatka, pektinler, saharoza, şeker, krahmalyň mukdary 70 — 72%, çalşyp bolmaýan aminokislotalaryň biri liziniň 15% we başga-da organiki däl birleşmeler saklanýar. Mundan başga-da, witaminlerden A, D, D2, D3 E, K, B1, B2, B3, B4, B5, B6, B9, B12, beta karotin, alfa — karotin saklanýar. Himiki elementlerden kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, natriý, sink, mis, marganes, selen, ftor ýaly elementlere baýdyr.
Taýýarlan Guwanç GURBANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.