Makalalar

Iň uzakçyl guşlar

https://ussatnews.com/storage/posts/2541/original-161c0c0d5f0497.jpeg

Guşlar dünýäniň iň bir täsin ýaradylan bölegidir. Gabarasynyň we agramynyň uludygyna-kiçidigine, ot ýa-da et iýýändigine garamazdan, olaryň dürli uzaklyklara uçmakda tapawutlary özboluşlydyr.

Meselem, çuluk (ržanka) diýilýän guş, iň bir oňaýsyz, närahat zolaklardan 4 müň kilometre çenli uzaklygy uçup geçmäge ukyplydyr. Bu häsiýeti oňa Anlantik ummanynyň tolkunlarynyň üstünden Kanadadan — Şotlandiýa çenli uçup barmaga mümkinçilik berýär.

Uzaga uçmakda iň öňdäki orunlaryň biri hem deňiz garlawajyna (polýar kraçy) degişlidir. Çarlaga görä kiçeňräk, gara telpejikli, gurýrugynyň arasy bölünen bu ak guş 15 — 20 müň kilometre çenli aralyga uçup bilýär.

Jahankeşde deňiz guşy bolan albatros hem umman tolkunlarynyň üstünden 15 — 20 müň kilometr aralyga uçup bilýär. Bu tizligi bilen ol bir ýylyň dowamynda Ýer togalagynyü daşyndan bir aýlaw etmäge ukyplydyr.

Annameret ANNAMEREDOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.