Almanyň peýdasy
Miweler ynsan saglygy üçin möhüm iýmit hasaplanýar. Şolaryň arasynda almanyň peýdaly taraplaryna bolsa uly ähmiýet berilýär. Süýji tagamly, ýakymly ysy bilen tapawutlanýan alma witaminlere, minerallara örän baýdyr. Onuň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar bar.
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde almanyň ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň daşky ýaramaz täsirlerden goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygy ýüze çykaryldy. Şeýle-de alma nerw ulgamynyň näsazlygy zerarly bolýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda peýdaly hasaplanýar. Şonuň üçin-de fiziki we aň taýdan agyr zähmet çekýän adamlara günüň dowamynda alma iýmek maslahat berilýär. Alma iýmit siňdiriş ulgamyny, gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramlygyny kadalaşdyrýar, süňkleriň berkligini üpjün edýär.
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, orta ýaşdaky adamlaryň günde iki sany alma iýmegi olarda holesteriniň umumy düzüminiň ortaça 3,6 göterim peselendigini görkezdi. Şeýle-de, yzygiderli berhizde almanyň damarlaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy anyklanyldy.
Alma dürli iýmitleri, işdäaçarlary taýýarlamakda, halk tebipçiliginde giňden ulanylýar. Bilşimiz ýaly, bu miwe iň gadymy ekinleriň biri hasaplanýar. Arheologlaryň maglumatlaryna görä, alma agajy b.e.ö VII asyrda ösdürilip ýetişdirilipdir.
Taýýarlan Aýsoltan ORAZMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.