Peýdaly maslahatlar

Woleýbolyň peýdasy

https://ussatnews.com/storage/posts/3591/original-1628d3e8542a1f.jpeg

Woleýbol 1895-nji ýylda amerikaly gimnastika mugallymy bolan Willýam Morgan tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Şeýle-de, sportuň bu görnüşi meşhurlykda futboldan soňra ikinji orunda durýar, maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde bir milliarda golaý adam woleýbol bilen meşgullanýar.

Woleýbol sportuň köp hereketli görnüşleriniň biridir. Bu täsin oýun türgenden ünsliligi, ugurtapyjylygy, çalasynlygy, gujur-gaýraty talap edýär. Elbetde, sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň şeýle ukyp-başarnyklara eýe bolmagyna-da getirýär.

Woleýbol adam bedenini taplap, onuň çydamlylygyny artdyrýar, ýürek-damar ulgamyny berkidýär. Oýunda hereketiň dürlüligi ähli myşsalary herekete getirip, daýanç-hereket ulgamyny berkidýär. Şeýle-de woleýbol nerw ulgamyna oňaýly täsir edýär, daşky ýaramaz täsir edijiler bilen netijeli göreşmäge ýardam edýär. Woleýbol bilen meşgullanmak arkaly toplanan tejribe, kemala gelen çalasynlyk, çeýelik durmuşda hem dürli ýagdaýlarda kömek edýär.

Woleýbol toparlaýyn oýun bolansoň, ol çagalar üçin has-da peýdaly hasaplanýar. Lukmanlar çagany irki ýaşlardan woleýbol, basketbol, futbol ýaly sportuň görnüşlerine bermegi maslahat berýärler. Munuň sebäbi çaga oýun arkaly durmuşa, daşky gurşawa göz ýetirýär, beden taýdan kämilleşýär, kadaly ösýär diýlip düşündirilýär.

Seýitmyrat MAKSADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.