Ýeňil atletikanyň saglyga peýdasy
23:33 29.05.2022

Ýeňil atletika bedeniň umumy işjeňligini artdyrýar we ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, sebäbi aýaklaryň myşsalarynyň hemişe dartylmagy we rahatlanmagy amala aşyrylýar. Kapillýarlaryň gowy türgenleşigiň netijesinde has çeýe häsiýete eýe bolmagy bilen, ownuk gan damarlarynyň bedeniň dürli ýerlerine köp kislorod we ýokumly maddalar eltip bermäge ukyplary ýokarlanýar. Şeýle hem bedeniň alyş-çalyş prosesi ýokarlanýar, artykmaç kaloriýa işjeň sarp edilýär.
Ylgawyň ähli görnüşleriniň endokrin ulgamyna oňyn täsir edýändigi we immunitet ulgamyny güýçlendirýändigi ylym tarapyndan subut edilendir. Mundan başga-da, ýeňil atletika çeýeligi, çydamlylygy we reaksiýa tizligi ýaly başarnyklary kämilleşdirýär. Fiziki işjeňligiň dowamynda dem alyş çuňlaşýar we ýygy-ýygydan amala aşyrylýar, netijede, dokumalara kislorod üpjünçiligi artýar. Bu fiziki we akyl öndürijiligini gowulandyrýar.
Ýeňil atletika bilen 30 minutdan 1 sagat aralygynda meşgullanmak köne öýjükleriň dargamagyna getirýär, soňra olaryň ýerine täzeleri öndürilip başlanýar. Köne öýjükleriň ýok edilmegi bedeniň ýaşlygyny saklamagyna we has hem ýaşarmagyna getirýär.
Taýýarlan Bezirgen ILBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Kelem — saglyga peýdaly önüm
Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.

Sport bilen meşgullanmaga başlamazdan öň maşk etmeli
Hünärmenler sport bilen meşgullanmagyň myşsalaryň we ýürek-damar ulgamynyň berkemegine peýda edýändigini belleýärler. Ýöne sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi bilen meşgullanylanda nädogry hereket etmezlik we şikes almazlyk üçin şulary maslahat berýärler.

Çaga terbiýesinde peýdaly maslahatlar
Her bir ata-ene öz çagasynyň akylly, terbiýeli, başarjaň, maksada okgunly, ruhubelent, geljege ynamly adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesi ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň hatarynda goýlupdyr. Türkmen halky nesil terbiýesini mukaddes hasaplap, bu babatda kemala gelen milli ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir.

Üstünlige ýetmegiň ýedi usuly
Şowlulyk we üstünlik adamlary hemişelik hem gyzyklandyryp geldi. Näme üçin hemme adamlaryň deňligine seretmezden, bir adam ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar we ýeňiji bolýar, beýlekilerde bolsa üstünlik ony görmezden geçýän ýaly bolýar diýip “Lukman Piter” belleýär.

Ýürek üçin peýdaly içgiler
Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.