Üstünlige ýetmegiň ýedi usuly
Şowlulyk we üstünlik adamlary hemişelik hem gyzyklandyryp geldi. Näme üçin hemme adamlaryň deňligine seretmezden, bir adam ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar we ýeňiji bolýar, beýlekilerde bolsa üstünlik ony görmezden geçýän ýaly bolýar diýip “Lukman Piter” belleýär.
Psiholog Elizaweta Felonenkonyň pikiriçe, şowluluk hadysasy adamlaryň duýgusynyň we özüni alyp barşynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly. Bagtlylar dünýäni bagtsyzlardan başgaça kabul edýärler. Elizaweta Felonenko üstünlige we şowlylyga ýetmegiň 7 usulyny atlandyrdy:
Durmuşyň her bir pursadyna begenmäge bolan mümkinçilikleriňizi artdyryň. Ünsüňizi gowy zatlara gönükdirip, durmuşa bolan kanagatlandyrma duýgularyňyzy türgenleşdiriň.
Durmuşyň duýdansyz tekliplerini köplenç ýerine ýetiriň. Hem-de özüňiziň planlaryňyzy ýagdaýlara görä üýtgetmekden gorkmaň.
Öz ýalňyşlaryňyzy kabul etmegi başaryň. Ýeňmek üçin, ýeňilmegi hem başarmalydyr.
Bilesigelijilik duýgularyňyzy ösdüriň. Özüňiziň barýan ýerleriňiz hakynda: okuw jaýy ýa-da dynç alyş öýi bolsun, köpräk öwrenmäge synanşyň.
Durmuş işjeňligiňizi artdyryň. Bilşiňiz ýaly, ýatan daşyň aşagyndan suw akmaýar –işjeňlik şowlulygyňyzy ep-esli artdyrýar.
Gaty konserwatiw bolmajak boluň. Hemme zatdan gaça durmak we eýýam size tanyş bolan zatlara ýapyşmak, mümkinçilikleriňiziň derejesini peseldýär.
Hem-de hiç haçan ne özüňize we daş töweregiňizdäkilere men üstünliksiz we şowsuz diýip aýtmaň –bu sözler hem uly many aňladýar.
Babamyrat Nurjykow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.