Çaga terbiýesinde peýdaly maslahatlar

18:56 25.06.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/3818/original-162b713fdab702.jpeg

Her bir ata-ene öz çagasynyň akylly, terbiýeli, başarjaň, maksada okgunly, ruhubelent, geljege ynamly adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesi ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň hatarynda goýlupdyr. Türkmen halky nesil terbiýesini mukaddes hasaplap, bu babatda kemala gelen milli ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Häzirki zaman psihologiýa ylmynda nesil terbiýesinde peýdaly boljak ýönekeý, ýöne örän täsirli usullar, maslahatlar işlenip düzüldi. Geliň, olar bilen tanyş bolalyň.

Çaga — özbaşdak şahsyýet, onuň öz isleg-arzuwlary, garaýyşlary, maksatlary bolýar. Şonuň üçin çaganyň durmuşyny diňe öz islegiňize görä däl, eýsem onuň isleglerine görä hem gurnamagy başaryň.

Çaga bildirmezden gözegçilik esasynda özbaşdaklyk beriň. Onuň gyzyklanmalaryndan, hyýallaryndan, maksatlaryndan, aň-fiziki başarnyklaryndan habarly boluň. Onuň her bir üstünligini, hat-da ol kiçijek bolsa hem aýratyn belläp geçmegi, «berekellasyny» ýetirmegi we höweslendirmegi endik ediniň. Daşky dünýäni diňe gowy mysallar arkaly düşündiriň. Meselem, süýjilikleri kän iýseň dişiň çüýrär diýmän, eýsem olary az iýseň dişiň sagdyn hem-de owadan bolar diýiň. Çaga birzady janygyp düşündirjek bolanda, ony hökman diňläň, şeýle ýagdaýlarda üns bermezlik onuň özüne bolan ynamyny peseldip bilýär.

Çagaňyzy başga çagalar bilen deňeşdirip, olarda artykmaçlyk hasaplaýan häsiýetleriňizi çagaňyzda ýoklugyny duýduryp kemsitmäň. Ýatdan çykarmaň! çaganyň içki dünýäsi, häsiýetleri, ukyp-başarnyklary ene-atanyň özlerini alyp-barşy, dünýägaraýyşlary, ukyplary esasynda kemala gelýär. Çaga irki ýaşlaryndan ululara meňzemek isleýär, şonuň üçin ene-atanyň göreldesi nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär.

Çaga derek hemme zady çözjek bolmaly däl. Onuň bilen maslahatlaşmak, deň derejede gürleşmek, diňlemek, pikirlerini bilmek bu günki kiçi çaganyň geljekde beýik şahsyýet bolup ýetişmeginde wajyp orny eýeläp bilýändir. Çaga elmydama ulular, esasan hem ene-atasy tarapyndan söýülýändigini, sylanýandygyny bilmelidir. Goý, durmuşymyzyň gül-gunçasy bolan çagalarymyz eşretli döwrümizde, bagtyýar ýurdumyzda gülüp-oýnap, sagdyn, asylly terbiýeli ösüp-kemala gelsinler.

Akgözel AKSAKOWA,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Başga makalalar
162f94f5ae99af.jpeg
Gawun — şirin derman

Tomus möwsüminde bereketli türkmen topragynyň boldan eçilýän lezzetli önümleriniň biri-de gawundyr. Gadym zamanlardan bäri güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ýetişen gawun-garpyzlar beýleki döwletlerde uly meşhurlykdan peýdalanýar.


162ce7004f120d.jpeg
Gaýnag suw – derdiňe derman

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.


162d03ab320919.jpeg
Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri

Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.


162d1b8dbc0585.jpeg
Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.


162b7ec8ef0492.jpeg
Ýürek üçin peýdaly içgiler

Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.